Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
27 verses
1Men erkin dälmi? Men resul dälmi? Men Rebbimiz Mesihi görmedimmi? Siz Rebde meniň zähmetimiň netijesi dälmisiňiz?
2Men başgalara resul bolmasam-da, size resuldyryn; siz Reb ýolunda meniň resullygymyň möhrüsiňiz.
3Özümi soraga çekýänleriň garşysynda men şeýle goranýaryn.
4Biziň iýmäge, içmäge hakymyz ýokmy?
5Beýleki resullar, Rebbiň doganlary we Kifas ýaly, imanly bir aýaly ýanymyzda gezdirmäge hakymyz ýokmy?
6Ýa-da işlemezlige diňe men bilen Barnabasyň haky ýokmy?
7Kim öz harjy bilen esgerlik edýär? Kim üzüm agajyny ekip-de, onuň miwesinden iýmeýär? Ýa-da kim sürini bakyp-da, onuň süýdünden içmeýär?
8Men muny adamlaryň pikir edişine görä aýdýarynmy? Kanun-da şuny aýtmaýarmy?
9Çünki Musanyň kanunynda: «Harman döwen öküziň agzyny baglama» diýip ýazylgydyr. Hudaý öküzleriň aladasyny edýärmi?
10Bulary bütinleý biziň üçin aýtmaýarmy? Hawa, bu biziň üçin ýazylandyr. Şeýle, ýer süren umyt bilen sürmelidir, harman döwen hem harmana şärik bolmak umydy bilen döwmelidir.
11Biz sizde ruhy zatlary ekip, sizden maddy zatlary orsak, bu bir uly zatmydyr?
12Başgalaryň sizden muny islemäge haky bar bolsa, biziň muňa olardan köp hakymyz ýokmudyr? Ýöne biz bu hakdan peýdalanman, Mesihiň Hoş Habarynyň öňüni bökdemezlik üçin, her zada döz gelýäris.
13Siz mukaddes zatlar bilen meşgullanýanlaryň ybadathanadan iýýänini, gurbanlyk edilýän ýeri saklaýanlaryň gurbanlyk edilýän ýerden paýlaryny alýanyny bilmeýärsiňizmi?
14Şeýle, Reb hem Hoş Habary wagyz edýänleriň Hoş Habardan ýaşamagyny buýurdy.
15Men bu zatlaryň hiç birinden peýdalanamok, şu zatlar maňa şeýle edilsin diýip hem ýazamok, sebäbi bu buýsanjymy biriniň biderek edeninden ölenim gowudyr.
16Çünki Hoş Habary wagyz edýän bolsam, öwünmäge hakym ýokdur, sebäbi bu maňa wajypdyr. Eger Hoş Habary wagyz etmesem, waý meniň halyma!
17Çünki muny meýletin etsem, sylagym bolar. Meýletin etmesem-de, diňe özüme tabşyrylan wezipäni berjaý etdigimdir.
18Ýeri, sylagym näme? Hoş Habardaky hakymdan doly peýdalanmaz ýaly, Hoş Habary wagyz edip, Hoş Habary mugt bermegim.
19Çünki men her kesden azat bolsam-da, köp adamlary gazanjak bolup, özümi hemmelere gul etdim.
20Men ýehudylary gazanjak bolup, ýehudylara ýehudy boldum. Kanun astyndakylary gazanjak bolup, kanun astynda bolmasam-da, kanun astyndakylara kanun astyndaky ýaly boldum.
21Hudaýyň garşysynda kanunsyz bolman, Mesihiň Kanuny astynda bolsam-da, kanuny ýoklary gazanjak bolup, kanuny ýoklara kanuny ýok kimin boldum.
22Ejizleri gazanjak bolup, ejizlere bir ežiz ýaly boldum. Her niçik-de bolsa, käbirlerini halas etjek bolup, her kese her zat boldum.
23Men bulary Hoş Habarda paýym bolsun diýip, Hoş Habar üçin edýärin.
24Siz ylgaw meýdanynda ylgaýanlaryň hemmesiniň ylgap, ýöne baýragy biriniň alýanyny bilmeýärsiňizmi? Baýrak alar ýaly ylgaň.
25Göreşýän adam ähli zatda öz nebsine buýurýandyr. Olar muny pany täji almak üçin, biz hem baky täji almak üçin edýäris.
26Şonuň üçin, men maksatsyz ylgaýan ýaly ylgamaýaryn, howany ýumruklaýan ýaly ýumruklamaýaryn.
27Ýöne beýlekilere wagyz edenimden soň, özüm mahrum galmaz ýaly, tenimi horlap, ony gul edýärin.