Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
40 verses
1Indi siziň ýazan zatlaryňyz hakda: bir adama aýala el degirmezlik ýagşydyr.
2Ýöne ahlaksyzlykdan saklanmak üçin, her kişiniň öz aýaly we her aýalyň öz äri bolsun.
3Är aýalyna, şeýle hem aýal ärine mähribanlyk borjuny berjaý etsin.
4Aýalyň öz tenine ygtyýary ýokdur, bu ygtyýar äriňkidir we şonuň ýaly, äriň-de öz tenine ygtyýary ýokdur, bu ygtyýar aýalyňkydyr.
5Diňe oraza we doga bilen meşgul bolar ýaly, ylalaşyga görä, wagtlaýynça bolmasa, biri-biriňizi är-aýallyk hakyndan mahrum etmäň. Wagtlaýyn aýrylsaňyz-da, şeýtan nebsiňize buýurmak babatda sizi synaga salmaz ýaly, ýene-de birleşiň.
6Emma muny buýruk däl-de, rugsat hökmünde aýdýaryn.
7Men ähli adamlaryň özüm ýaly bolmagyny arzuw edýärin, ýöne her kişiniň Hudaýdan öz sylagy bardyr; biriniňki bir hili, başga biriniňki başga hilidir.
8Emma öýlenmediklere, dul hatynlara, meniň ýaly galsalar, olar üçin ýagşydyr diýýärin.
9Nebislerine buýrup bilmeýän bolsalar, onda öýlensinler, sebäbi öýlenmek yşk oduna ýanmakdan gowudyr.
10Öýlenenlere bolsa men däl-de, Reb: «Aýal ärinden aýrylmasyn» diýip, buýruk beripdir.
11Eger-de aýrylan bolsa, ärsiz galsyn ýa-da äri bilen ýaraşsyn. Är-de aýalynyň talagyny bermesin.
12Beýlekilere bolsa Reb däl-de, men diýýärin: bir doganyň iman etmedik aýaly bar bolsa, ol aýal hem onuň bilen ýaşamaga razy bolsa, ol onuň talagyny bermesin.
13Bir aýalyň iman etmedik äri bar bolsa, äri hem onuň bilen ýaşamaga razy bolsa, onda ol ärinden aýrylmasyn.
14Çünki iman etmedik är imanly aýaly arkaly mukaddes edilendir, iman etmedik aýal hem imanly är arkaly mukaddes edilendir, ýogsa, çagalaryňyz hapa bolardy, ýöne häzir mukaddesdir.
15Ýöne iman etmedik aýrylsa, goý aýrylsyn. Dogan ýa-da aýal dogan beýle ýagdaýlarda bagly däldir. Hudaý bizi parahat ýaşamaga çagyrandyr.
16Çünki, eý aýal, sen äriňi halas edip-etmejegiňi nireden bilýärsiň? Eý är, sen aýalyňy halas edip-etmejegiňi nireden bilýärsiň?
17Ýöne Reb her kesi nähili bellän bolsa, Hudaý kimi nähili çagyran bolsa, ol şeýle gezsin. Men bu buýrugy ähli ýygnaklara berýärin.
18Kim sünnetlikä çagyrylan bolsa, sünnetsiz bolmasyn. Kim sünnetsizkä çagyrylan bolsa, sünnetlenmesin.
19Sünnetlilik-de hiçdir, sünnetsizlik-de hiçdir, iň möhümi Hudaýyň buýruklaryny berjaý etmekdir.
20Kim nähili ýagdaýda çagyrylan bolsa, şonda galsyn.
21Gulkaň çagyrylan bolsaň, gaýgy etme, ýöne azat bolmagy başarsaň, pursatdan peýdalan.
22Çünki gulka Reb tarapyndan çagyrylan adam Rebbiň erkin adamydyr, şonuň ýaly, erkinlikde çagyrylan-da Mesihiň guludyr.
23Siz bir baha satyn alyndyňyz, adamyň guly bolmaň.
24Doganlar, kim nähili ýagdaýda çagyrylan bolsa, şol ýagdaýda Hudaýyň huzurynda galsyn.
25Gyzlar hakda Rebden buýrugym ýok; ýöne Rebbiň merhemeti saýasynda sadyk kişi hökmünde maslahat berýärin.
26Meniň pikirimçe, häzirki aladaly ýagdaý zerarly, adama öz bolşy ýaly galmak ýagşydyr.
27Bir aýala baglymysyň? Onda, aýryljak bolma. Aýaldan aýryldyňmy? Onda, aýal gözleme.
28Ýöne öýlenseň hem günä eden dälsiň, gyz-da äre çyksa, günä eden däldir. Emma öýlenenleriň ýaşaýyşda muşakgaty bolar, men size dözemok.
29Ýöne, eý doganlar, size aýdýaryn: wagt gysgadyr. Mundan beýläk aýaly barlar aýaly ýoklar ýaly,
30aglaýanlar hem aglamaýanlar ýaly, şatlanýanlar hem şatlanmaýanlar ýaly, mal alanlar hem maly ýoklar ýaly,
31dünýäden peýdalanýanlar hem peýdalanmaýanlar ýaly bolsun, sebäbi dünýäniň häzirki ýagdaýy geçegçidir.
32Men siziň gaýgysyz bolmagyňyzy isleýärin. Öýlenmedik kişi Rebbi hoşnut etjek bolup, Onuň işleriniň aladasyny edýändir.
33Ýöne öýlenen aýalyny hoşnut etjek bolup, dünýä işleriniň aladasyny edýändir.
34Ärli aýal bilen gyzyň arasynda-da parh bardyr. Ärsiz aýal hem tende, hem-de ruhda mukaddes bolar ýaly, Rebbiň işleriniň aladasyny edýändir, ýöne ärli aýal ärini hoşnut etjek bolup, dünýä işleriniň aladasyny edýändir.
35Men muny siziň boýnuňyza syrtmak salmak üçin däl-de, eýsem, edepli bolup, pikiriňizi dagatman, Rebbe berler ýaly, öz peýdaňyz üçin aýdýaryn.
36Emma biri öz gelinligi bilen gelşiksiz iş edýändir öýtse, gyzyň hem ýaşy geçen bolup, öýlenmek zerur bolsa, ol halanyny etsin, günä edýän däldir. Olar öýlensin.
37Emma kim niýetinde berk durup, mätäçlik çekmän, nebsine buýrup, gelinligi bilen öýlenmezligi ýüregine düwen bolsa, onda ol gowy edýär.
38Şeýle, adaglysy bilen öýlenen gowy edýär, ýöne öýlenmedik ondan-da gowy edýär.
39Aýal, äri ölýänçä, oňa baglydyr. Eger-de äri ölse, öz islänine barmaga azatdyr, ýöne Rebde bolmalydyr.
40Eger-de ol ärsiz galsa, meniň pikirimçe, has hem bagtyýardyr. Mende-de Hudaýyň Ruhy bardyr diýip pikir edýärin.