Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
20 verses
1Başga biri bilen dawasy bolan siziň biriňiz mukaddesler huzurynda däl-de, imansyzlaryň öňünde üstünden höküm çykarylmagyna ýürek edermi?
2Ýa-da siz mukaddesleriň dünýäniň üstünden höküm çykarjagyny bilmeýärsiňizmi? Dünýäniň üstünden höküm çykarjak bolsaňyz, onda kiçi dawalaryň üstünden höküm çykarmaga siz mynasyp dälmi?
3Bu ýaşaýşyň işleri beýlede dursun, siz biziň perişdeleriň-de üstünden höküm çykarjakdygymyzy bilmeýärsiňizmi?
4Bu ýaşaýşyň işlerini höküm etmeli bolsaňyz, onda ýygnakda sylanmaýan adamlary bu işe goýýarsyňyz.
5Muny sizi utandyrmak üçin aýdýaryn: öz doganlarynyň arasynda höküm etmegi başarýan ýekeje-de akyldar adam araňyzda ýokmy?
6Gaýtam, dogan-dogan bilen diwana gidişýär, özem imansyzlaryň öňünde.
7Dogrudan-da, araňyzda diwana gidişmeleriň barlygynyň özi siziň üçin bütinleý bir şowsuzlykdyr. Adalatsyzlyk çekmek siziň üçin has gowy dälmi? Talaňa döz gelmek siziň üçin has gowy dälmi?
8Emma siziň özüňiz adalatsyzlyk edýärsiňiz, talaýarsyňyz, özem doganlaryňyzy.
9Ýa-da adalatsyzlaryň Hudaýyň Patyşalygyny miras almajakdygyny bilmeýärsiňizmi? Aldanmaň, Hudaýyň Patyşalygyny ne ahlaksyzlar, ne butparazlar, ne zynahorlar, ne gomoseksuallar, ne beçebazlar,
10ne ogrular, ne açgözler, ne arakkeşler, ne agzy paýyşlar, ne-de talaňçylar miras alar.
11Siziň hem käbirleriňiz şeýlediňiz, ýöne ýuwuldyňyz, mukaddes edildiňiz, Rebbimiz Isa Mesihiň ady bilen, Hudaýymyzyň Ruhy arkaly aklandyňyz.
12Maňa hemme zada rugsat berlendir, ýöne hemme zat peýdaly däldir. Maňa hemme zada rugsat berlendir, ýöne hiç zat maňa agalyk etmeli däldir.
13Iýmit garyn üçin, garyn-da iýmit üçindir, ýöne Hudaý ikisini-de ýok eder. Ten bolsa ahlaksyzlyk üçin däl-de, Reb üçindir, Reb-de ten üçindir.
14Hudaý Öz gudraty bilen Rebbi direltdi, bizi-de direlder.
15Siz teniňiziň Mesihiň agzasydygyny bilmeýärsiňizmi? Men Mesihiň agzasyny alyp, bir kemçiniň agzasy edeýinmi? Etmen!
16Ýa-da bir kemçin bilen birleşeniň onuň bilen bir ten bolýanyny bilmeýärsiňizmi? Sebäbi: «Ikisi bir ten bolar» diýlendir.
17Emma Reb bilen birleşen Onuň bilen bir ruhdur.
18Ahlaksyzlykdan gaçyň! Adamyň edýän her bir günäsi teniň daşyndadyr, ýöne ahlaksyzlyk edýän öz tenine garşy günä edýändir.
19Ýa-da teniňiziň sizde ýaşaýan we siziň Hudaýdan alan Mukaddes Ruhuňyzyň ybadathanasydygyny, siziň özüňiziňki däldigiňizi bilmeýärsiňizmi?
20Çünki siz bir baha alyndyňyz. Munuň üçin, Hudaýyňky bolan teniňiz we ruhuňyz bilen Hudaýy şöhratlandyryň.