Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
13 verses
1Siziň araňyzda butparazlar arasynda-da görülmedik ahlaksyzlygyň barlygy eşidilýär: biri öz atasynyň aýalyny alanmyş.
2Siz bolsa bu işi eden araňyzdan aýrylar ýaly, ýas tutman, gaýtam, gabarýarsyňyz.
3Men ten bilen siziň ýanyňyzda bolmasam-da, ruhda siz bilendirin. Siziň ýanyňyzda ýaly, bu işi eden adamy men eýýäm höküm etdim.
4Ruhum araňyzda bolup, Rebbimiz Isa Mesihiň gudraty bilen bir ýere üýşen mahalyňyz,
5teni heläk bolup, ruhy Reb Isanyň gününde gutular ýaly, bu adamy şeýtana tabşyryň.
6Magtanmagyňyz dogry däldir. Azajyk hamyrmaýanyň bütin hamyry turşadýanyny siz bilmeýärsiňizmi?
7Hamyrmaýa täze hamyr bolar ýaly, köne hamyrmaýany aýyryň. Çünki biziň Pesahlyk guzymyz Mesih-de gurban edilendir.
8Şonuň üçin köne hamyrmaýa bilen, ýamanlyk we erbetlik hamyrmaýasy bilen däl-de, ak ýürekliligiň, hakykatyň petiri bilen baýram edeliň.
9Men size hatymda ahlaksyzlar bilen gatnaşyk etmäň diýip ýazdym.
10Bu dünýäniň, umuman, ahlaksyzlary, açgözleri, talaňçylary ýa butparazlary bilen diýemok, ýogsam, siz bu dünýäden çykmaly bolardyňyz.
11Ýöne men size dogan diýilýäniň biri ahlaksyz, açgöz, butparaz, agzy paýyş, arakkeş ýa talaňçy bolsa, onuň bilen gatnaşmazlygy, beýle adam bilen nahar hem iýmezligi ýazýaryn.
12Çünki meniň daşardakylaryň üstünden höküm çykarmaga näme hakym bar? Siz içerdäkileriň üstünden höküm çykarmaly dälmi?
13Daşardakylaryň üstünden Hudaý höküm çykarar. Siz ýamany öz araňyzdan çykaryň.