Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
21 verses
1Şeýlelikde, adamlar bizi Mesihiň hyzmatçylary, Hudaýyň syrlarynyň wekilleri hasap etmelidir.
2Wekilleriň her birinden bolsa sadyklyk talap edilýär.
3Siziň ýa-da adamlaryň diwanynyň üstümden höküm çykarmagy meniň üçin möhüm zat däl, ýöne özüm hem öz üstümden höküm çykarmaýaryn.
4Çünki men özümde bir aýyp görmeýärin, ýöne munuň bilen özümi aklamaýaryn. Meniň üstümden höküm çykarýan Rebdir.
5Şonuň üçin Reb gelýänçä, wagtyndan öň hiç bir zadyň üstünden höküm çykarmaň. Ol garaňkylygyň gizlin zatlaryny ýagtyldar, ýürekleriň niýetlerini aýan eder, şol wagt her kes Hudaýdan özüne laýyk tarypyny alar.
6Eý doganlar, siz ýazylanlardan artyk pikir etmezligi bizden öwrenip, hiç biriňiz beýlekiniň öňünde gabarmaz ýaly, men bu zatlary siz sebäpli özüme hem Apollosa tymsal edip aýtdym.
7Çünki kim seni beýlekilerden parhly edýär? Almadyk nämäň bar? Alan bolsaň, almadyk ýaly, öwünmäň näme?
8Siz eýýäm doýup, eýýäm baýadyňyz, bizsiz höküm sürdüňiz. Dogrudan hem, biz-de siz bilen höküm sürer ýaly, käşgä höküm sürsediňiz!
9Çünki Hudaý biz resullary ölüme bellenenler ýaly soňkular hökmünde orta çykarandyr öýdýärin, sebäbi biz dünýä, perişdelere we adamlara tomaşa bolduk.
10Biz Mesihiň hatyrasyna akmakdyrys, ýöne siz Mesihde akyllysyňyz. Biz ejiz, siz güýçli, siz şöhratly, biz äsgerilmedikdiris.
11Biz şu çaka çenli açlyga, suwsuzlyga, ýalaňaçlyga, ýenjilmäge, sergezdanlyga döz gelip ýörendiris.
12Öz ellerimiz bilen işläp, zähmet çekýäris, sögülenimizde, haýyr-doga edýäris, azar berlende çydaýarys.
13Myjabat ýapylanda, mylaýym jogap berýäris. Şu çaka çenli dünýäniň syr-süplügi, hemmäniň zir-zibili bolduk.
14Men bu zatlary sizi utandyrmak üçin ýazamok, size söýgüli balalarym hökmünde nesihat berýärin.
15Mesihde on müňlerçe terbiýeçiňiz bolsa-da, köp ataňyz ýokdur, sebäbi Mesih Isada Hoş Habar arkaly men siziň ataňyz boldum.
16Şoňa görä-de, maňa öýküniň diýip, sizden haýyş edýärin.
17Rebbe sadyk bolan söýgüli oglum Timoteosy şu maksat bilen size iberýärin. Ol meniň Mesih Isadaky ýollarymy her ýerde, her ýygnakda öwredişim ýaly, siziň ýadyňyza salar.
18Hamala, men size gelmejek ýaly, käbirleri gabarýan eken.
19Reb islese, basym size gelip, gabarýanlaryň sözüni däl-de, güýjüni görerin.
20Sebäbi Hudaýyň Patyşalygy sözde däl-de güýçdedir.
21Siz näme isleýärsiňiz? Ýanyňyza taýak bilen baraýynmy ýa-da söýgüdir ýumşaklyk ruhy bilen?