Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
23 verses
1Eý doganlar, men size Ruha uýanlara däl-de, tebigy adamlara, Mesihdäki çagalara gürrüň berşim ýaly gürrüň berdim.
2Size gaty-guty däl-de, süýt berdim, çünki siz gaty-guty iýmegi başarmaýardyňyz, muny häzir hem başarmaýarsyňyz.
3Çünki siz entek tebigy adamlarsyňyz. Sebäbi araňyzda içigaraçylyk, çekişme we dawanyň barlygyna görä, siz tebigy adamlar dälmi? Adam adaty boýunça gezmeýärsiňizmi?
4Çünki biri «Men Pawlusyňky», ýene biri «Men Apollosyňky» diýýän bolsa, tebigy adamlar dälsiňizmi?
5Pawlus kim? Apollos kim? Olar hyzmatçy, siz hem Rebbiň her birine berşine görä, olar arkaly iman etdiňiz.
6Men ekdim, Apollos suwardy, ýöne ösdürýän Hudaýdyr.
7Şoňa görä, eken-de, suwaran-da hiçdir, diňe ösdürýän Hudaý ähmiýetlidir.
8Eken bilen suwaran birdir, ýöne her biri öz zähmetine görä sylagyny alar.
9Biz Hudaýyň işdeşleridiris, siz bolsaňyz, Hudaýyň ekin meýdany, Hudaýyň ymaratysyňyz.
10Hudaýyň özüme berlen merhemetine görä, men akyldar ussa kimin binanyň düýbüni tutdum. Başga biri bolsa, onuň üstüni gurýandyr, ýöne her kişi nähili salşyna dykgat etsin.
11Sebäbi hiç kim tutulan düýpden, ýagny Isa Mesihden başga düýbi tutup bilmez.
12Bu düýbüň üstünde gyzyldan, kümüşden, gymmatbaha daşlardan, agaçdan, otdan, samandan,
13ymarat salan her kişiniň işi belli bolar, çünki Rebbiň güni ony aýan eder, sebäbi otda belli bolar, her biriniň işiniň nähilidigini ot synar.
14Kimiň bina edeni oda çydasa, şol sylag alar.
15Kimiň işi ýansa, ol zyýan çeker, ýöne özi ot içinden geçen ýaly bolup gutular.
16Siz Hudaýyň ybadathanasydygyňyzy, Hudaýyň Ruhunyň sizde ýaşaýanyny bilmeýärsiňizmi?
17Biri Hudaýyň ybadathanasyny ýyksa, Hudaý hem ony ýykar, çünki Hudaýyň ybadathanasy mukaddesdir. Ine, şol ybadathana sizsiňiz.
18Hiç kim özüni aldamasyn. Siziň araňyzdan biri şu dünýäde özüni akyldar saýýan bolsa, onda ol akyldar bolmak üçin akmak bolsun.
19Çünki bu dünýäniň akyldarlygy Hudaýyň ýanynda akmaklykdyr, sebäbi: «Ol akyldarlary öz hilelerinde tutýandyr» diýip ýazylgydyr.
20Ýene-de: «Reb akyldarlaryň pikirleriniň boşdugyny bilýändir» diýip ýazylgydyr.
21Şoňa görä, hiç kim adam bilen magtanmasyn, çünki hemme zat siziňkidir:
22Pawlus, Apollos ýa Kifas bolsun, dünýä, ýaşaýyş, ölüm bolsun, häzirki ýa geljekki zatlar bolsun ― hemmesi siziňkidir.
23Siz Mesihiňkisiňiz, Mesih-de Hudaýyňkydyr.