Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
16 verses
1Eý doganlar, men size Hudaýyň güwäligini wagyz etmäge gelenimde, söz we akyl artyklygy bilen gelemok.
2Çünki siziň araňyzdakam, Isa Mesihden, Onuň haça çüýlenmeginden başga hiç bir zady bilmezligi ýüregime düwdüm.
3Men size ejizlik we gorky içinde geldim, gaty-da sandyraýardym.
4Sözüm hem wagzym ynsan akyldarlygynyň ynandyryjy sözlerine däl-de,
5siziň imanyňyz ynsan akyldarlygynda durman, Hudaýyň güýjünde durar ýaly, Ruhuň we Onuň güýjüniň görkezilmegine daýanýardy.
6Biz akyldarlygy kämiller arasynda sözleýäris. Biziň sözleýän bu akyldarlygymyz bu döwrüňki, bu döwrüň geçiji hökümdarlarynyňky däl-de,
7Hudaýyň zaman başlamazdan öň biziň şöhratymyz üçin bellän gizlin, syrly akyldarlygydyr.
8Bu akyldarlyga bu döwrüň hökümdarlarynyň hiç biri düşünmedi, çünki düşünen bolsalar, şöhratly Rebbi haça çüýlemezdiler.
9Emma ýazylyşy ýaly: «Hudaýyň Özüni söýenler üçin taýýarlan zatlaryny ne göz görendir, ne gulak eşidendir, ne-de adam ýüregi hyýal edendir».
10Bize bolsa Hudaý muny Öz Ruhy arkaly aýan etdi, sebäbi, Ruh ähli zady, Hudaýyň çuň pikirlerini-de barlaýandyr.
11Çünki adamda näme barlygyny adamyň özünde bolan ruhundan başga kim biler? Şeýle hem Hudaýda näme barlygyny Hudaýyň Ruhundan başga hiç kim bilýän däldir.
12Biz bu dünýäniň ruhuny däl-de, Hudaýyň özümize beren bereketlerini biler ýaly, Hudaýdan gelen Ruhy aldyk.
13Biz bulary adam akyldarlygynyň öwreden sözleri bilen däl-de, ruhy zatlary ruhy sözler bilen sözläp, Ruhuň öwreden sözleri bilen aýdýarys.
14Tebigy adam Hudaýyň Ruhuna degişli zatlary unamaz, çünki bular onuň üçin akmaklykdyr, bulary bilip bilmez, sebäbi bulara ruh boýunça düşünilýändir.
15Ruha uýan adam ähli zady saýgarar, ýöne ony hiç kim saýgarmaz.
16Çünki, «Rebbe öwüt berer ýaly, onuň pikirini kim bildi?» Ýöne bizde Mesihiň pikiri bardyr.