Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
31 verses
1Hudaýyň islegi bilen Mesih Isanyň resuly bolmaga çagyrylan Pawlusdan we Sostenis dogandan,
2Hudaýyň mukaddeslige çagyrylyp, Mesih Isada mukaddes edilen Korintosdaky ýygnagyna we her ýerde hem olaryň, hem-de biziň Rebbimiz Isa Mesihiň adyny tutýanlaryň barysyna salam!
3Atamyz Hudaýdan, Reb Isa Mesihden size merhemet hem parahatlyk bolsun!
4Men Mesih Isada size berlen Hudaýyň merhemeti üçin, siz barada elmydam Hudaýa şükür edýärin.
5Çünki siz Onda her zada, her söze we her bilime baý bolduňyz.
6Biziň Mesih hakdaky güwäligimiz sizde berkedi.
7Şonuň üçin hem siz Rebbimiz Isa Mesihiň aýan bolmagyna garaşyp, hiç bir sylagda ýetmezçiligiňiz ýokdur.
8Ol sizi Rebbimiz Isa Mesihiň gününde müýnsüz bolar ýaly, soňa deňeç berkider.
9Sizi Öz Ogly, biziň Rebbimiz Isa Mesih bilen şärikçilige çagyran Hudaý ynamdardyr.
10Eý doganlar, hemmäňiziň diliňiz bir bolup, araňyzda bölünişik bolman, bir pikirde we bir islegde birleşmegiňizi Rebbimiz Isa Mesihiň ady bilen sizden haýyş edýärin.
11Çünki, eý doganlar, siziň araňyza dawa düşenligi hakda Kloiniň öýündäkiler maňa habar berdi.
12Meniň aýtjak bolýan zadym şu: siziň her biriňiz «Men Pawlusyňky», «Men Apollosyňky», «Men Kifasyňky», «men Mesihiňki» diýýärsiňiz.
13Mesih bölündimi? Pawlus siziň üçin haça çüýlendimi? Ýa siz Pawlusyň adyna çokundyryldyňyzmy?
14Hiç kim maňa öz adyna çokundyrdy diýmez ýaly,
15Men Krispus we Gaýusdan başga siziň hiç biriňizi çokundyrmanyma Hudaýa şükür edýärin.
16Şeýle hem men Stefanyň içersini-de çokundyrdym, başga çokundyranym ýadyma düşmeýär.
17Çünki Mesih meni çokundyrmak üçin däl-de, Hoş Habary yglan etmek üçin ýollady, ýöne Mesihiň haçy biderek bolmaz ýaly, muny söz akyldarlygynda etmeli däldim.
18Çünki haçyň sözi heläk bolanlar üçin akmaklyk, biz ― gutulanlar üçin bolsa Hudaýyň gudratydyr.
19Çünki: «Men akyldarlaryň akyldarlygyny weýran ederin, düşünjelileriň düşünjesini güýçden düşürerin» diýip ýazylgydyr.
20Akyldar hany? Kanunçy hany? Bu döwrüň alymy hany? Hudaý bu dünýäniň akyldarlygyny akmaklyga öwürmedimi?
21Çünki dünýäniň Hudaýyň akyldarlygynda öz akyldarlygy bilen Hudaýy tanamadygyna görä, Hudaý iman edenleri wagyz akmaklygy arkaly gutarmagy unady.
22Çünki ýehudylar gudrat görkezmegi talap edýär, grekler akyldarlygy gözleýär.
23Biz bolsak haça çüýlenen Mesihi ýehudylar üçin büdremäge sebäp, grekler üçin-de akmaklyk bolan,
24ýöne çagyrylanlara, hem ýehudylara, hem greklere Hudaýyň gudraty we Hudaýyň akyldarlygy bolan Mesihi wagyz edýäris.
25Çünki Hudaýyň «akmaklygy» adam akylyndan üstün, Hudaýyň «ejizligi» adam güýjünden güýçlüdir.
26Çünki, eý doganlar, çagyrylyşyňyza serediň. Adam ölçegi boýunça köpiňiz akyldar, güýçli, asylzada däldiňiz.
27Ýöne Hudaý akyldarlary utandyrmak üçin, dünýäniň akmak saýýanlaryny saýlady. Hudaý güýçlüleri utandyrmak üçin, dünýäniň ejiz saýýanlaryny saýlady.
28Hudaý ähmiýetli zatlary ýatyrmak üçin, bu dünýäniň asylzada dällerini, äsgerilmeýänlerini we ähmiýetsizlerini saýlady.
29Ol muny hiç bir adam Hudaýyň huzurynda magtanmasyn diýip etdi.
30Ýöne: «Magtanan Reb bilen magtansyn» diýip ýazylyşy ýaly,
31siz Hudaýyň saýasynda Mesih Isadasyňyz. Ol biziň üçin Hudaýyň akyldarlygy we dogrulygy, mukaddesligi we gutaryşy boldy.