Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
24 verses
1Kenreadaky ýygnagyň gullukçysy aýal doganymyz Fibini size tabşyrýaryn.
2Ony mukaddeslere mynasyp ýagdaýda Rebde kabul edip, size mätäç zatlarynda kömek beriň, çünki ol köplere, meniň özüme-de kömekçi boldy.
3Mesih Isa ýolunda işdeşlerim Priskilla bilen Akila salam aýdyň.
4Olar meniň janym üçin öz janlaryny howp astyna saldylar, olara diňe men däl, milletleriň ähli ýygnaklary hem minnetdar.
5Olaryň öýündäki ýygnaga-da salam aýdyň. Mesih üçin Aziýanyň ilkinji miwesi eziz dostum Epenetosa salam aýdyň.
6Siziň üçin köp zähmet çeken Mereme salam aýdyň.
7Resullar arasynda at-abraý gazanyp, Mesihe menden öň iman eden garyndaşlarym, tussagdaşlarym Andronikosa bilen Ýuniasa salam aýdyň.
8Rebde eziz dostum Ampliýatusa salam aýdyň.
9Mesihde işdeşimiz Urbanusa, eziz dostum Stahise salam aýdyň.
10Mesihde synagdan geçen Apellise salam aýdyň. Aristobulosyň içersine salam aýdyň.
11Garyndaşym Hirodiona salam aýdyň. Narkissisiň içersinden Rebde bolanlara salam aýdyň.
12Rebde zähmet çekýän Trifena, Trifosa salam aýdyň. Rebde köp zähmet çeken söýgüli Persise salam aýdyň.
13Rebde saýlanan Rufusa we maňa hem enelik eden onuň enesine salam aýdyň.
14Asinkritosa, Flegona, Ermise, Patrobasa, Ermasa we olaryň ýanyndaky doganlara salam aýdyň.
15Filologosa we Ýuliýa, Nereusa hem-de onuň aýal doganyna, Olimpasa we olaryň ýanyndaky ähli mukaddeslere salam aýdyň.
16Biri-biriňize mukaddes ogşuk bilen salam aýdyň. Mesihiň hemme ýygnaklary size salam gönderýär.
17Eý doganlar, öwrenen taglymatyňyza garşy gidip, bölünme we böwetlere sebäp bolýanlardan ägä bolmagy sizden haýyş edýärin, olardan daşda duruň.
18Çünki beýle adamlar Rebbimiz Isa Mesihe däl-de, öz garynlaryna gulluk edýändir, süýji söz sözläp, owadan gürläp, ýönekeý adamlaryň ýüreklerini aldawa salýandyr.
19Siziň boýun bolanlygyňyz hemmäniň gulagyna ýetdi. Men munuň üçin hem begenýärin, ýöne siziň ýagşylykda akyldar, erbetlikde ýöntem bolmagyňyzy isleýärin.
20Parahatlyk Hudaýy haý diýmän, şeýtany aýaklaryňyzyň astynda mynjyradar. Rebbimiz Isa Mesihiň merhemeti siziň bilen bolsun!
21Işdeşim Timoteos, garyndaşlarym Lukius, Ýason we Sosipatros size salam gönderýär.
22Bu haty ýazan men Tertius size Rebde salam aýdýaryn.
23Meni hem bütin ýygnagy myhman alan Gaýus size salam gönderýär. Şäheriň hazynaçysy Erastos we doganymyz Kuwartos size salam gönderýär.
24Rebbimiz Isa Mesihiň merhemeti siziň hemmäňiz bilen bolsun! Omyn.