Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
33 verses
1Ýöne biz güýçlüler ejizleriň ejizliklerini götermelidiris, öz göwnümizden turmaly däldiris.
2Her kişi abatlyk üçin, ýagşylyk üçin goňşusynyň göwnünden turmalydyr.
3Çünki: «Seni kemsidýänleriň kemsitmesine men duçar boldum» diýip ýazylyşy ýaly, Mesih hem Öz göwnünden turmady.
4Çünki näme öňden ýazylan bolsa, bary çydam arkaly, Ýazgylaryň tesellisi arkaly umytly bolar ýaly, bize tälim üçin ýazylandyr.
5Siz ýürekdeş bolup, Hudaýy, ýagny Rebbimiz Isa Mesihiň Atasyny biragyzdan şöhratlandyrar ýaly,
6çydam hem teselli Hudaýy Isa Mesihe görä, size özara pikirdeşlik bersin.
7Bu sebäpden, Hudaýyň şöhraty üçin Mesihiň sizi kabul edişi ýaly, siz-de biri-biriňizi kabul ediň.
8Çünki men aýdýaryn: «Munuň üçin milletler arasynda Seni ykrar edip, adyňa nagma aýdaryn» diýip ýazylyşy ýaly, özge milletler Hudaýy merhemeti üçin şöhratlandyrsyn diýip,
9Mesih atalara berlen wadany tassyklajak bolup, Hudaýyň hakykaty üçin sünnetlileriň hyzmatkäri boldy.
10Ýene diýýär: «Eý milletler, Onuň halky bilen birlikde şatlanyň».
11Ýene: «Eý bütin milletler, Hudaýa alkyş okaň, bütin halklar Oňa öwgi aýtsyn».
12Ýene Işaýa diýýär: «Milletlere höküm etmek üçin Galan, Ýessäniň Köki geler, milletler Oňa umyt baglar».
13Mukaddes Ruhuň gudraty bilen umytda artar ýaly, umyt Hudaýy sizi imanda bütin şatlyk we parahatlyk bilen doly etsin.
14Eý doganlar, men siziň hem ýagşylykdan doludygyňyza, bütin bilim bilen dolup, özara nesihat bermegi başarýandygyňyza ynanýaryn.
15Eý doganlar, ýöne men Hudaýyň özüme beren merhemetine görä, siziň ýadyňyza salmak üçin, käbir zatlary batyrgaýlyk bilen ýazdym.
16Maňa bu merhemet milletleriň sowgady Mukaddes Ruh arkaly mukaddes edilip, kabul bolar ýaly, Hudaýyň Hoş Habary ugrunda ruhanylyk kärini ýerine ýetirmegim, milletlere Mesih Isanyň hyzmatkäri bolmagym üçin berildi.
17Şeýlelikde, Mesih Isa degişli biri hökmünde Hudaýa edýän hyzmatym bilen magtansam ýerliklidir.
18Sebäbi men özge milletleriň boýun bolmagy üçin, Mesihiň men arkaly sözde hem işde,
19alamatlar, gudratlar arkaly, Mukaddes Ruh arkaly edenlerinden başga zatlary aýtmaga het etmerin. Şeýlelikde, men Iýerusalimden başlap, Illiriýa çenli aýlanyp, Mesihiň Hoş Habaryny ýaýratdym.
20Başga biriniň binasynyň üstünden gurmaýyn diýip: «Ondan habarsyz bolanlar görer, eşitmedikler düşüner» diýip ýazylyşy ýaly,
21Mesihiň ady eşidilmedik ýerlerde Hoş Habary wagyz etmäge yhlas etdim.
22Meniň siziň ýanyňyza gelmegime-de ençeme gezek päsgel beren şu boldy.
23Indi bolsa bu ýurtlarda maňa edere iş ýoklugy we köp ýyllardan bäri ýanyňyza gelmegi küýseýänligim üçin,
24Ispaniýa barýarkam, ýanyňyza degerin. Sebäbi geçip barýarkam, sizi görüp, didaryňyzdan biraz doýanymdan soň, siz meni ol ýere ugradarsyňyz diýen umydym bar.
25Häzir bolsa mukaddeslere gulluk etmek üçin, Iýerusalime barýaryn.
26Çünki Makedoniýa we Ahaýa ilaty Iýerusalimde bolan mukaddesler arasyndaky mätäçlere sadaka ibermegi maslahat bildiler.
27Olar maslahat bildiler, aslynda, olara borçludyrlar. Çünki özge milletler olaryň ruhy bereketlerine şärik bolandyklaryna görä, maddy zatlarda olara hyzmat etmäge borçludyrlar.
28Men şuny bitirenimden, bu hasyly olara gowşuranymdan soň, siziň üstüňiz bilen Ispaniýa gitmekçi.
29Siziň ýanyňyza baranymda, Mesih baradaky Hoş Habaryň berekediniň bollugy bilen geljekdigimi bilýärin.
30Eý doganlar, men Ýahudadaky imansyzlardan gutular ýaly we Iýerusalim üçin edýän hyzmatymy hudaýhonlar kabul eder ýaly,
31meniň üçin Hudaýa doga edip, meniň bilen birlikde göreşmegiňizi Rebbimiz Isa Mesihiň we Ruhuň söýgüsi hatyrasyna sizden haýyş edýärin.
32Onsoň Hudaýyň islegi bilen şatlyk içinde siziň ýanyňyza gelip, siz bilen ynjalaryn.
33Parahatlyk Hudaýy siziň baryňyz bilen bolsun! Omyn.