Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
26 verses
1Imany gowşagy kabul ediň, ýöne pikirleri hakda onuň bilen jedelleşmäň.
2Bir kişi ähli zady iýip bilýänine imany bardyr, ýöne imany gowşak adam diňe gök iýýändir.
3Kim iýýän bolsa, iýmeýäni äsgermezlik etmesin. Kim iýmeýän bolsa, iýýäni ýazgarmasyn, çünki Hudaý ony kabul edendir.
4Başga biriniň hyzmatkärini ýazgarýan sen kim? Ol öz hojaýynynyň öňünde durar ýa ýykylar, ýöne dikeler, çünki Hudaý ony dikeltmegi başarýandyr.
5Biri bir güne beýlekiden parh goýýandyr; başga biri bolsa, ähli günleri deň görýändir. Ýöne her kesiň öz garaýşyna ynamy bolsun.
6Kim güni sylaýan bolsa, ony Reb üçin sylaýandyr. Kim güni sylamaýan bolsa, ony Reb üçin sylaýan däldir. Kim iýýän bolsa, Reb üçin iýýändir, çünki Hudaýa şükür edýändir. Kim iýmeýän bolsa, Reb üçin iýmän, Hudaýa şükür edýändir.
7Sebäbi hiç birimiz özümiz üçin ýaşaýan däldiris, hiç kim hem özi üçin ölýän däldir.
8Sebäbi ýaşaýan bolsak, Reb üçin ýaşaýandyrys, ölýän bolsak, Reb üçin ölýändiris. Şoňa görä, ýaşasak-da, ölsek-de Rebbiňkidiris.
9Sebäbi Mesih hem ölüleriň, hem dirileriň Rebbi bolmak üçin, hem öldi, hem direldi, hem-de ýaşaýşa gowuşdy.
10Emma sen näme üçin doganyňy ýazgarýarsyň? Ýa-da sen näme üçin doganyňy äsgermezlik edýärsiň? Çünki biziň barymyz Mesihiň höküm kürsüsi öňünde durmalydyrys.
11«Reb diýýär: Öz diriligimden kasam, her dyz öňümde epiler, her dil Hudaýy ykrar eder» diýip ýazylgydyr.
12Şeýlelikde, her kişi özi üçin Hudaýa jogap berer.
13Munuň üçin biri-birimizi ýazgarman, gowusy, bir doganyň öňüne büdreme, taýma daşyny goýmazlygyň pikirini edeliň.
14Men hiç bir zadyň öz-özünden murdar däldigini bilýärin, muňa Reb Mesihde ynamym bar. Ýöne biri bir zady murdar saýýan bolsa, oňa murdardyr.
15Çünki doganyň iýýän damagyň üçin gam çekýän bolsa, onda sen entek söýgi ýolundan ýöreýän dälsiň. Damagyň bilen hiç kişini heläk etme, Mesih şolaryň ugrunda janyny pida etdi.
16Ýagşylygyňyzy ýamanlatmaň.
17Çünki Hudaýyň patyşalygy iýmek, içmek däl-de, dogrulyk, parahatlyk we Mukaddes Ruhda şatlykdyr.
18Kim Mesihe şeýle gulluk edýän bolsa, Hudaýyň pisindiniň oturýany we adamlaryň halany şoldur.
19Şeýlelikde, parahatlyga, biri-birimizi dikeltmäge ýaraýan işler ugrunda dyrjaşalyň.
20Damak üçin Hudaýyň işini bozma. Hemme zat tämiz, ýöne biriniň büdremegine sebäp bolup iýýän adama erbetdir.
21Et iýmezlige, şerap içmezlige hem-de doganyňyň büdremegine, günä itilmegine ýa ejizlemegine sebäp bolýan zady etmezlik ýagşydyr.
22Imanyň barmy? Ony Hudaýyň huzurynda özüň üçin sakla. Gowy görýän zadynda özüni höküm etmeýän bagtlydyr.
23Emma şübhe edýän iýse, ol höküm ediler, sebäbi ol muny iman bilen edýän däldir. Imansyz edilen zat günädir.
24Meniň wagyz edýän Hoş Habaryma we Isa Mesihiň wagzyna görä, gadym döwürlerden bäri ýaşyryn galan,
25ýöne indi aýan bolup, ebedi Hudaýyň buýrugy bilen pygamberleriň ýazgylary arkaly bütin milletlere imana boýun bolmak üçin bildirilen syryň aýan bolmagyna görä sizi berkitmegi başarýan,
26ýalňyz akyldar Hudaýa Isa Mesih arkaly baky şöhrat bolsun! Omyn.