Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
14 verses
1Her kişi ýokary häkimiýetlere tabyn bolsun, çünki Hudaý tarapyndan bolmadyk häkimiýet ýokdur, bu barlar Hudaý tarapyndan gurlandyr.
2Munuň üçin kim häkimiýete garşy bolýan bolsa, Hudaýyň guranyna garşy bolýandyr, garşy bolýanlar özlerini höküm edýändir.
3Çünki başlyklar ýagşy iş edýän üçin däl-de, ýaman iş edýän üçin gorkunçdyr. Häkimiýetden gorkmazlyk isleýärsiňmi? Onda ýagşy iş et, ol seni taryplar.
4Sebäbi başlyk seniň ýagşylygyň üçin Hudaýyň hyzmatkäridir. Ýaman iş edýän bolsaň, onda gork, çünki ol gylyjy ýöne ýere göterýän däldir. Sebäbi ol Hudaýyň hyzmatkäridir, ýamanlyk edenden jeza berip, öç alýandyr.
5Şonuň üçin diňe jeza zerarly däl-de, ynsap sebäpli hem häkimiýetlere tabyn bolmak zerurdyr.
6Siz salgytlary hem munuň üçin töleýärsiňiz. Olar mydama şu iş bilen meşguldygy sebäpli Hudaýyň hyzmatkäridir.
7Her kişä bermelisini beriň: salgyt bolsa, salgydy; gümrük bolsa, gümrügi; gorky bolsa, gorkyny; hormat bolsa, hormaty.
8Biri-biriňizi söýmekden başga hiç kime bergili bolmaň, sebäbi kim başgany söýýän bolsa, kanuny berjaý edýändir.
9Çünki: «Zyna etme, adam öldürme, ogrulyk etme, ýalan güwälik berme, açgöz bolma» we ýene-de buýruk bar bolsa, ol hem şu sözde jemlenendir: «Goňşyňy özüň ýaly söý».
10Söýgi goňşa hiç hili ýamanlyk etmez. Söýgi kanunyň berjaý edilişidir.
11Muny häzirki zamana düşünip ediň. Biziň ukudan oýanmaly sagadymyz eýýäm geldi, çünki şu wagt gutulyşymyz iman eden wagtymyzdakydan ýakyndyr.
12Gije geçip, gündiz golaýlady. Indi garaňkylyk işlerini egnimizden çykaryp, nur ýaraglaryny dakynalyň.
13Aýşy-eşret, serhoşluk, azgynlyk, ahlaksyzlyk, dawa, içigaraçylyk bilen däl-de, gündizki ýaly sypaýy gezeliň.
14Reb Isa Mesihi geýniň, teniň höweslerini kanagatlandyrmak üçin alada etmäň.