Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
21 verses
1Eý doganlar, özüňizi diri, mukaddes, Hudaýyň halajak gurbany hökmünde hödürläň diýip, Hudaýyň rehimleri arkaly size ýalbarýaryn, bu siziň ruhy ybadatyňyzdyr.
2Bu dünýä meňzeş bolman, Hudaýyň halaýan, oňat, kämil isleginiň nämedigini aňlar ýaly, pikiriňiziň täzelenmegi bilen üýtgäň.
3Men özüme berlen merhemet arkaly siziň hemmäňize diýýärin: öz baraňyzda gereginden artyk oýlanman, Hudaýyň her kime beren imanynyň möçberine görä, salykatlylyk bilen oýlanyň.
4Çünki biziň bir tenimiz we köp agzamyz bolup, bütin agzalaryň işiniň bolsa bir bolmaýşy ýaly,
5köp bolan biz-de Mesihde bir ten we biri-birimiziň agzalarydyrys.
6Biziň özümize berlen merhemet boýunça, aýry-aýry sylaglarymyz bardyr. Bu welilik etmek bolsa, iman möçberine görä welilik edeliň.
7Hyzmat bolsa, hyzmat edeliň. Biri öwrediji bolsa öwretsin.
8Biri nesihatçy bolsa nesihat etsin. Haýyr-yhsan edýän muny sahylyk bilen etsin, baştutanlyk edýän gaýrat bilen, rehimdarlyk edýän begenç bilen etsin.
9Söýgi ikiýüzli bolmasyn. Erbetligi ýigrenip, ýagşylyga ýapyşyň.
10Biri-biriňizi doganlyk söýgi bilen ýürekden söýüň, hormatda her kişi beýlekini özünden ýokary saýsyn.
11Gaýratyňyz gowşamasyn. Ruhda hyjuwly boluň. Rebbe hyzmat ediň.
12Umytda şatlanyň. Muşakgatda çydamly boluň. Dogada erjellik ediň.
13Mätäçlik çekýän mukaddeslere ýardam ediň. Myhmansöýer bolmaga dyrjaşyň.
14Özüňize azar berýänlere haýyr-doga ediň, gargamaň.
15Şatlanýanlar bilen şatlanyň, aglaýanlar bilen aglaň.
16Özara pikirdeş boluň. Özüňizi ýokary tutman, orny aşaklar bilen dost boluň. Akyllysyramaň.
17Ýamanlyk deregine hiç kime ýamanlyk etmäň. Ähli adamlaryň öňünde oňat işlere üns beriň.
18Oňardygyňyzdan ähli adamlar bilen oňşukly ýaşamak barada eliňizden geleni aýamaň.
19Eý, söýgüli doganlar, özüňiz öç alman, Hudaýyň gazabyna ýol beriň. Çünki: «Reb diýýär: Öç Meniňkidir, öwezini Men bererin».
20«Duşmanyň aç bolsa, ony naharla, susan bolsa gandyr, sebäbi muny etseň, onuň başyna közler guýarsyň» diýip ýazylgydyr.
21Özüňi ýamanlyga ýeňdirme-de, ýamanlygy ýagşylyk bilen ýeň.