Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
36 verses
1Men şuny soraýaryn: Hudaý öz halkyny ret etdimi? Ýok! Çünki men-de Ybraýymyň neslinden, benýamyn taýpasyndan bolan bir ysraýylly.
2Hudaý Özüniň öňden tanan halkyny ret edenok. Mukaddes Ýazgynyň Ylýas hakdaky bölümde näme diýýänini bilmeýärsiňizmi? Ol Ysraýyl babatda Hudaýa şikaýat edip, şeýle diýýär:
3«Ýa Reb! Pygamberleriňi öldürdiler, gurbanlyk edilýän ýerleriňi ýykdylar, diňe men galdym. Olar meniň hem janymyň kastynda».
4Hudaýyň oňa beren jogaby näme? «Men Baal öňünde dyz epmedik ýedi müň adamy Özüme aýryp goýdum».
5Şonuň ýaly häzirki wagtda hem merhemet bilen saýlanan bir galyndy bar.
6Ýöne merhemet bilen bolsa, onda işe görä däldir. Ýogsa, merhemet merhemet bolmazdy. Işe görä bolsa, onda ol eýýäm merhemetden däldir, ýogsa, iş eýýäm iş bolmazdy.
7Indi näme? Ysraýyl agtaranyna ýetmedi, ýöne saýlananlar ýetdiler, beýlekiler hem,
8«Hudaý olara ukuçyllyk ruhuny berdi, şu gün hem gözleri görmeýär, gulaklary eşitmeýär» diýip ýazylyşy ýaly gatadylar.
9Dawut: «Saçaklary olara kement, duzak, böwet we jeza bolsun!
10Gözleri görmez ýaly, garaňkyrasyn, billeri hemişe bükük bolsun!» diýýär.
11Men diýýärin: olar ýykylmaly bolup büdredimi? Ýok! Ýöne gabanjaňlygyny oýandyrmak üçin olaryň, ýazyklary sebäpli özge milletlere gutulyş berildi.
12Olaryň ýazygy dünýäniň baýlygy, olaryň zyýany milletleriň baýlygy bolsa, olaryň tamamlanmagy has uly baýlyk getirer.
13Men siz ýehudy dällere aýdýaryn. Özge milletleriň resulydygym üçin, öz hyzmatymy şöhratlandyrýaryn.
14Belki, şeýdip, öz halkymdan bolanlaryň gabanjaňlygyny oýandyryp, olaryň käbirlerini halas etmegi başararyn.
15Çünki olaryň ret edilişi dünýäniň ýaraşygy bolsa, olaryň kabul edilişi ölümden ýaşaýşa gowuşmakdan başga näme bolar?
16Hamyryň ilkinji bölegi mukaddes bolsa, onda bütin hamyr hem şeýledir, kök mukaddes bolsa, baldaklar-da şeýledir.
17Ýöne baldaklaryň käbiri döwlen bolsa, sen ýabany zeýtun agajykaň, olara sapylyp, zeýtun agajynyň dok köküne, suwuna şärik bolan bolsaň, onda baldaklaryň öňünde magtanma.
18Magtanýan hem bolsaň, sen köki götermän, eýsem, köküň seni göterýändigini bilip goý.
19Sen: «Baldaklar meniň sapylmagym üçin döwüldi» diýjeksiň.
20Dogry, olar imansyzdyklary zerarly döwüldi, ýöne sen iman arkaly dursuň. Tekepbirlik etme-de, gaýtam, gork.
21Sebäbi Hudaý tebigy baldaklary gaýgyrmadyk bolsa, seni-de gaýgyrmaz.
22Indi Hudaýyň ýagşylygyny, gatylygyny gör, Ol ýykylanlara gaty, saňa bolsa, eger Hudaýyň ýagşylygynda galsaň, ýagşy bolar, ýogsa, sen hem kesilersiň.
23Olar hem imansyzlykda galmasalar, täzeden sapylarlar, çünki Hudaý olary sapmagy başarýandyr.
24Çünki sen tebigaty boýunça ýabany zeýtun agajyndan kesilip, tebigatyň tersine, oňat zeýtun agajyna sapylan bolsaň, bu tebigy baldaklar öz zeýtun agaçlaryna has gowy sapylar!
25Çünki, eý doganlar, özüňizi dana saýmaz ýaly, men siziň bu syrdan habarsyz galmagyňyzy islemeýärin: milletleriň sany tamamlanýança, Ysraýyl bölekleýin gatap galar.
26Şeýle: «Siondan Halasgär geler, Ol hudaýsyzlygy Ýakupdan sowar.
27Günälerini geçjek wagtym olar bilen etjek ähtim şudur» diýip ýazylyşy ýaly, tutuş Ysraýyl gutular.
28Hoş Habar babatda olar siziň hatyraňyza Hudaýa duşman boldular, ýöne saýlaw babatda atalaryň hatyrasyna ezizdirler.
29Sebäbi Hudaýyň sylaglary, çakylygy yzyna alynmaz.
30Siziň bir wagtlar Hudaýa boýun bolman, ýöne häzir bularyň boýun bolmazlygy arkaly merhemet astyna gelşiňiz ýaly,
31bular-da siziň ýeten merhemetiňiz bilen merhemete ýetjek bolup, şindi boýun bolmadylar.
32Çünki Hudaý baryna merhemet etmek üçin, hemmesini boýun bolmazlykda tussag etdi.
33Hudaýyň baýlygy, akyldarlygy, bilimi çuňdur! Onuň hökümleri akyla sygmaz, ýollary bilinmezdir!
34Çünki Rebbiň pikirini kim bildi? Kim Oňa geňeşdar boldy?
35Ol bergili bolar ýaly, kim Oňa öňinçä bir zat berdi?
36Sebäbi ähli zatlar Ondan, Ol arkaly we Onuň üçindir. Oňa baky şöhrat bolsun! Omyn.