Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
21 verses
1Eý doganlar, meniň göwün arzuwym, ysraýyllylar hakda Hudaýa ýalbarmagym olaryň gutulmagy üçindir.
2Men olaryň Hudaýa yhlaslarynyň barlygyna güwä geçýärin, ýöne bu aňly-düşünjeli yhlas däl.
3Çünki olar Hudaýyň dogrulygyny bilmän, özleriniňkini gurjak bolup, Onuň dogrulygyna tabyn bolmadylar.
4Çünki Mesih iman eden her bir adamyň aklanmagy üçin kanunyň soňudyr.
5Çünki Musa kanundan bolan dogrulyk hakda şeýle ýazýar: «Bu zatlary berjaý eden adam olar arkaly ýaşar».
6Imandan bolan dogrulyk bolsa şeýle diýýär: «Öz içiňden: Mesihi düşürmek üçin Göge kim çykar?
7Ýa-da: Mesihi ölümden çykarmak üçin çuňluga kim iner diýme».
8Gör, näme diýýär? «Hudaýyň sözi saňa ýakyndyr, ol seniň agzyňda, seniň ýüregiňdedir», ýagny wagyz edýän iman sözümiz.
9Çünki sen agzyň bilen Isany Reb hökmünde ykrar etseň, Hudaýyň Ony ölümden direldendigine ýüregiň bilen ynansaň gutularsyň.
10Aklanmak üçin ýürek bilen iman getirilýändir, gutulyş üçin agyz bilen ykrar edilýändir.
11Çünki Mukaddes Ýazgy: «Oňa iman eden kişi utandyrylmaz» diýýär.
12Ýehudy bilen gregiň arasynda tapawut ýokdur, sebäbi barynyň Rebbi birdir, Ol Özüni çagyrýanlaryň baryna sahydyr.
13Çünki: «Rebbi çagyran adam gutular».
14Olar öz iman etmediklerini nähili çagyrarlar? Eşitmediklerine nähili iman ederler? Wagyzçysyz nähili eşiderler?
15Iberilmeseler, nähili wagyz ederler? Şeýle hem ýazylgydyr: «Parahatlyk hoş habaryny, ýagşy zatlaryň hoş habaryny wagyz edýänleriň aýaklary ne ajap!»
16Ýöne Hoş Habara hemme kişi gulak asmady. Çünki Işaýa: «Ýa Reb, kim bizden eşiden habaryna iman etdi?» diýýär.
17Şeýlelik bilen, iman eşitmek arkaly, eşitmek hem Hudaýyň sözi arkaly bolýandyr.
18Ýöne men diýýärin: olar eşitmedimi? Elbetde, eşitdi. «Olaryň sesi bütin dünýä, sözleri Ýeriň uçlaryna ýetdi».
19Emma men diýýärin: Ysraýyl bilmedimi? Ilki bilen Musa diýýär: «Men bir millet bolmadyk halk arkaly siziň gabanjaňlygyňyzy oýandyraryn, bir pähimsiz millet arkaly sizi gaharlandyraryn».
20Işaýa batyrgaýlyk bilen: «Men özümi agtarmaýanlara tapdyrdym, meni soramaýanlara göründim» diýýär.
21Ysraýyl hakda bolsa: «Söze gulak asmaz keçjal halka günuzyn ellerimi uzatdym» diýýär.