Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
33 verses
1Men Mesihde hakykaty aýdýaryn, ýalan sözlämok. Ynsabym hem aýdýanlaryma Mukaddes Ruhda güwä geçýär.
2Meniň uly gaýgym, ýüregimde dyngysyz agyrym bar.
3Men doganlarym, ten boýunça garyndaşlarym bolan ysraýyllylar üçin gargyşa galyp, Mesihden aýra düşmäge razy bolardym.
4Ogullyk, şöhrat, ähtler we kanunyň berilmesi, hakyky ybadat we wadalar olaryňkydyr.
5Atalar hem olaryňky, Mesih hem ten boýunça olardandyr. Ol barçanyň baky mübärek Hudaýydyr. Omyn.
6Emma bu Hudaýyň sözi ýalana çykdy diýmek däldir. Sebäbi Ysraýyldan bolanlaryň bary ysraýylly däldir.
7Ybraýymyň neslinden bolsalar-da, hemmesi onuň perzendi däldir, ýöne: «Seniň nesliň Yshakda dowam eder» diýlendir.
8Ýagny ten boýunça Ybraýymyň perzendi bolanlar Hudaýyň perzendi däl, eýsem, wada arkaly perzent bolanlar nesil diýip hasaplanýandyr.
9Berlen wada bolsa: «Bellenen wagtda gelerin, Saranyň bir ogly bolar» diýen sözdür.
10Diňe bu hem däl, eýsem, Rebeka-da bir erkekden, atamyz Yshakdan göwreli bolanda,
11hatda oglanlar entek dogulmankalar, ýagşylyk ýa ýamanlyk etmänkäler, Hudaýyň maksady işlerden däl-de, eýsem, Çagyrandan bolup, saýlawa görä durar ýaly,
12Rebeka: «Ulusy kiçisine gulluk eder» diýildi.
13Şonuň ýaly-da: «Ýakuby söýdüm, Ysuwy ýigrendim» diýip ýazylgydyr.
14Indi näme diýeliň? Eýsem Hudaýyň ýanynda adalatsyzlyk barmy? Ýokdur!
15Çünki Ol Musa: «Merhemet edenime merhemet ederin, rehim edenime rehim ederin» diýýär.
16Şeýlelik bilen, saýlanma adamyň islegine ýa tagallasyna däl-de, Hudaýyň merhemetine baglydyr.
17Hudaý Mukaddes Ýazgyda fyrowna şeýle diýýär: «Men gudratymy sende görkezip, adym bütin ýer ýüzünde yglan edilsin diýip, seni galdyrdym».
18Şeýlelikde, Hudaý islänine merhemet edýändir, isläniniň ýüregini gataldýandyr.
19Sen maňa: «Ýene näme üçin ýazgarýar? Kim Onuň islegine garşy durup biler?» diýersiň.
20Ýeri, eý adam, Hudaýa ters jogap gaýtarar ýaly, sen kim bolupsyň? Şekil berlen bir zat şekil berene: «Meni näme üçin beýle ýasadyň» diýermi?
21Ýa küýzegäriň şol bir üýşmek toýundan bir gaby hormatlylyk we beýlekisini hormatsyzlyk üçin ýasamaga ygtyýary ýokmy?
22Hudaý gazabyny görkezmek, Öz gudratyny bildirmek isläp, heläkçilik üçin taýýarlanyp, gazaba sezewar bolanlara uly sabyr-takat bilen döz gelen bolsa näme?
23Ol muny Öz şöhratynyň baýlygyny Özüniň öňden şöhrat üçin taýýarlap, merhemet edenlerine bildirjek bolup eden bolsa näme?
24Hudaýyň diňe ýehudylardan däl-de, özge milletlerden hem çagyran bu adamlary bizdiris.
25Hoşeanyň kitabynda-da diýýär: «Men halkym däle halkym, söýülmeýäne söýgüli diýerin».
26«Bu olara: Siz Meniň halkym däl diýlen ýerde ýüze çykar, şol ýerde-de olara diri Hudaýyň ogullary diýler».
27Işaýa bolsa Ysraýyl hakda şeýle gygyrýar: «Ysraýyl ogullarynyň sany deňziň çägesi ýaly bolsa-da, diňe galany gutular.
28Reb işini bitirer, ony tiz ýerine ýetirer, çünki Ol işini ýer ýüzünde tiz amala aşyrar».
29Işaýanyň öňünden aýdyşy ýaly: «Goşunlar Rebbi bize bir tohum galdyrmadyk bolsa, onda Sodom ýaly bolardyk, Gomorra meňzärdik».
30Ýene näme diýeliň? Dogrulyga kowalaşmadyk milletler dogrulyga, imandan gelen dogrulyga ýetdiler.
31Ýöne Ysraýyl dogrulyk kanunyna kowalaşyp, bu kanuna ýetmedi.
32Näme üçin? Sebäbi iman bilen däl-de, Kanunyň amallary bilen bolýan ýaly edip ýortdy.
33«Ine, Sionda bir büdreme daşyny, böwet gaýasyny goýýaryn, oňa iman eden utandyrylmaz» diýip ýazylyşy ýaly, büdreme daşyna büdrediler.