Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
25 verses
1Isa Mesihiň resuly Petrusdan Pontus, Galatýa, Kappadokiýa, Aziýa we Bitinýadaky ýaýran
2Ata Hudaýyň öňden bilşine görä, Ruhuň mukaddes etmegi bilen Oňa gulak asyň we Isa Mesihiň ganynyň sepilmegi üçin saýlanan garyplara salam! Size merhemet, parahatlyk eçilsin!
3Rebbimiz Isa Mesihiň Atasy Hudaýa öwgüler! Ol Öz uly rehimdarlygy bilen Isa Mesihiň ölülerden direlmegi arkaly diri umyda gowuşmak üçin,
4size Gökde saklanan çüýremez, tegmiltsiz, solmaz mirasy almak üçin, biziň gaýtadan dogulmagymyzy üpjün etdi.
5Siz ahyrky wagtda aýan bolmaga taýýar duran gutulyş üçin, Hudaýyň güýji bilen iman arkaly goralýarsyňyz.
6Häzir gerek bolan dürli synaglar üçin gysga wagtlaýyn gaýgyly bolýan siz muňa begeniň.
7Çünki ot bilen synalýan hem bolsa, pany altyndan gymmatly bolan imanyňyzyň synalmagy Isa Mesih görnende öwgä, şöhrata hem hormata öwrüler.
8Siz görmedik hem bolsaňyz, Ony söýýärsiňiz; häzir Ony görmeseňiz hem, Oňa iman getirip,
9imanyňyzyň netijesinde janlaryňyzyň gutulyşyna ýetip, aýdyp bolmaz, şöhratly begenç bilen şatlanýarsyňyz.
10Size bolan bu merhemeti welilik edip aýdan pygamberler bu gutulyş hakda gözleg, barlag geçirdiler.
11Olar özlerindäki Mesihiň Ruhy Mesihiň görgülerine we ondan soňky şöhratlara öňünden güwälik berende, haýsy ýa-da nähili wagty görkezýänini barladylar.
12Ine şonda, Gökden iberilen Mukaddes Ruh arkaly Hoş Habary wagyz edýänler tarapyndan häzir size yglan edilýän zatlar bilen özlerine däl-de, size hyzmat edýändikleri olara äşgär boldy. Bu zatlara perişdeleriň nazar salasy gelýär.
13Munuň üçin pikiriňiziň bilini guşap, hüşgär bolup, Isa Mesihiň görünmegi bilen özüňize getiriljek merhemete baş-bitin umyt baglaň.
14Diýen ediji çagalar ýaly nadanlygyňyzdaky ozalky höwesleriňize uýman,
15eýsem, sizi çagyranyň mukaddes bolşy ýaly, ähli edim-gylymyňyzda mukaddes boluň.
16Sebäbi: «Mukaddes boluň, çünki Men mukaddesdirin» diýip ýazylgydyr.
17Ýüz görmän, her kimiň üstünden öz etmişine görä höküm çykarýany «Ata» diýip çagyrýan bolsaňyz, bu dünýädäki mysapyrlyk çagyňyzy gorky bilen geçiriň.
18Ata-babadan galan biderek ýaşaýşyňyzdan altyn ýa kümüş ýaly pany zatlar bilen däl-de,
19eýsem, müýnsüz, tegmiltsiz guzy ýaly, Mesihiň gymmatly gany bilen satyn alnandygyňyzy biliň.
20Ol dünýä gurulmazyndan öň bellense-de, siziň üçin zamanlaryň ahyrynda aýan boldy.
21Siz Ony ölümden direldip, Oňa şöhrat beren Hudaýa Ol arkaly iman edýärsiňiz, şeýle, iman hem umydyňyz Hudaýa baglydyr.
22Ruh arkaly hakykata boýun bolmak bilen, janlaryňyzy hilesiz dogan söýgüsi üçin tämizläniňizden soň, birek-biregi ýürekden yhlas bilen söýüň.
23Sebäbi, siz pany tohumdan däl-de, Hudaýyň diri, müdimi galýan sözi arkaly pany bolmadykdan gaýtadan doglansyňyz.
24Çünki: «Bütin adamzat ot ýaly we ynsanyň bütin şöhraty otuň güli ýalydyr. Ot gurar, güli hem döküler.
25Emma Rebbiň sözi ebedi galar». Size wagyz edilen söz budur.