Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
20 verses
1Eý döwletliler, başyňyza geljek kynçylyklar üçin aglaň, perýat ediň!
2Baýlygyňyz çüýräp, eşikleriňizi güýe iýendir.
3Altynyňyz, kümşüňiz poslandyr, olaryň posy size garşy güwä geçip, etiňizi ot kimin iýer. Siz ahyrky günlerde hazyna ýygnadyňyz.
4Ine, ekinleriňizi oran işçilere bermän saklan hakyňyz gygyrýar, orakçylaryň perýatlary Hökmürowan Rebbiň gulagyna ýetdi.
5Siz ýer ýüzünde bolçulykda ýaşap, keýp çekdiňiz, damak çalynýan gün üçin ýüregiňizi semretdiňiz.
6Size garşy durmasa-da, dogry adamy höküm edip öldürdiňiz.
7Eý doganlar, Reb gelýänçä, sabyrly boluň. Ine, daýhan irki we soňky ýagşy alýança, ýeriň gymmatly hasyly üçin sabyrly garaşýar.
8Siz hem sabyrly boluň, ýüregiňizi berkidiň, çünki Rebbiň geler wagty golaýdyr.
9Eý doganlar, özüňiz höküm edilmez ýaly, biri-biriňizden şikaýat etmäň. Ine, höküm ediji gapynyň agzynda dur.
10Eý doganlar, görgüde hem sabyrda Rebbiň adyndan geplän pygamberleri görelde ediniň.
11Biz çydamlylyk görkezenlere bagtly diýýäris. Siz Eýýubyň çydamlylygyny eşitdiňiz, Rebbiň işiniň soňuny-da gördüňiz, çünki Reb köp şepagatly hem rehimdardyr.
12Eý doganlar, her zatdan öň, höküm astyna düşmez ýaly, Gökden, Ýerden ýa başga zatdan kasam içmäň; diňe «hawaňyz» hawa, «ýoguňyz» ýok bolsun.
13Araňyzda biri görgi görýärmi? Ol doga etsin. Biriniň keýpi kökmi? Mezmur okasyn.
14Araňyzda biri syrkawmy? Ol ýygnagyň ýolbaşçylaryny ýanyna çagyrsyn, olar hem Rebbiň adyndan oňa ýag çalyp, onuň üçin doga etsin.
15Iman dogasy syrkawa şypa berer; Reb ony dikelder. Eger ol günä eden bolsa bagyşlanar.
16Şypa tapar ýaly, günäleriňizi biri-biriňiziň ýanyňyzda boýun alyp, biri-biriňiz üçin doga ediň. Dogry adamyň yhlasly dogasy gaty güýçlüdir.
17Ylýas biziňki ýaly duýgulary bolan bir adamdy. Ol ýagyş ýagmasyn diýip, çyndan doga etdi. Şeýlelikde, üç ýyl alty aýlap ýer ýüzüne ýagyş ýagmady.
18Ol ýene doga etdi ― Gök ýagyş berdi, Ýer öz miwesini getirdi.
19Eý doganlar, araňyzdan biri hakykatdan azaşsa, biri ony öwürse,
20onda ol muny bilsin: bir günäkäri ýalňyş ýolundan öwren bir jany ölümden gutaryp, köp günäleriň üstüni basyrar.