Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
17 verses
1Araňyza uruşlar, dawalar nireden girýär? Agzalaryňyzda uruşýan höweslerden dälmi?
2Siz isleýärsiňiz, ýöne gazanmaýarsyňyz; öldürýärsiňiz, içigaralyk edýärsiňiz, ýöne hiç bir zada ýetip bilmeýärsiňiz; dawalaşýarsyňyz, uruşýarsyňyz; gazanmaýarsyňyz, çünki dilemeýärsiňiz.
3Dileýärsiňiz, ýöne hiç zat almaýarsyňyz, çünki höwesleriňize sarp etmek üçin erbet dileýärsiňiz.
4Eý zynahorlar, dünýä dostlugynyň Hudaýa duşmançylykdygyny bilmeýärsiňizmi? Dünýäniň dosty bolmak isleýän adam özüni Hudaýa duşman edýändir.
5Ýa-da: «Bizde mesgen tutan Ruh gabanjaňlyk bilen küýseýändir» diýen Ýazgy ýöne ýerden aýdýandyr öýdýärsiňizmi?
6Ol iňňän uly merhemet berýändir. Şonuň üçin hem: «Hudaý tekepbirlere garşy durýandyr, kiçigöwünlilere bolsa merhemet edýändir» diýýär.
7Indi Hudaýa boýun boluň. Iblise garşy duruň, ol sizden gaçar.
8Hudaýa ýakynlaşyň, Ol hem size ýakynlaşar. Eý günäkärler, eliňizi arassalaň, eý ikigöwünliler, ýüregiňizi saplaň.
9Gussa çekiň, ýas tutup aglaň; gülkiňiz ýasa, şatlygyňyz gaýga öwrülsin.
10Rebbiň huzurynda peseliň, Ol sizi beýgelder.
11Eý doganlar, biri-biriňizi ýamanlamaň. Kim doganyny ýamanlaýan ýa doganyna höküm edýän bolsa, ol kanuny ýamanlaýandyr, Mukaddes Kanuna höküm edýändir. Sen kanuna höküm etseň, onda kanuny berjaý edýän däl, oňa höküm edýänsiň.
12Kanun çykaryjy, höküm ediji birdir, Ol gutarmagy hem heläk etmegi başarýandyr. Başga adamlara höküm eder ýaly, sen kim?
13Hany indi: «Bu gün ýa ertir pylan şähere gitjek, bir ýyly ol ýerde geçirjek, alyş-beriş etjek, pul gazanjak» diýýänler.
14Eý, ertirki günüň näme getirjegini bilmeýänler, ýaşaýşyňyz näme? Ol bir az wagt görnüp, ondan soň ýitirim bolýan bugdur.
15Munuň deregine: «Reb islese, ýaşarys, muny ýa ony ederis» diýmelisiňiz.
16Emma siz öz öwünjeňligiňiz bilen magtanýarsyňyz. Beýle magtanmalaryň bary erbetdir.
17Kim ýagşylyk etmegi bilip-de, etmeýän bolsa, ol günäkärdir.