Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
17 verses
1Eý doganlar! Köpüňiz mugallym bolmaň, çünki biziň örän agyr höküm aljakdygymyzy bilýänsiňiz.
2Sebäbi hemmämiz köp büdreýäris. Kim gepinde büdremese, kämil adam bolup, bütin bedeni-de jylawlamagy başarar.
3Bize atlaryň boýun bolmagy üçin, agzyna agyzzyryk salyp, olaryň bütin göwresini dolandyrýarys.
4Ine, şeýle uly hem güýçli ýeller bilen kowulýan gämiler-de, bir iňňän kiçi rul bilen gämiçiniň islän ugruna öwrülýär.
5Dil hem bir kiçijik agza bolup, uly zatlar bilen öwünýändir. Kiçijik uçgun nähili uly jeňňeli tutaşdyryp goýberýär!
6Dil otdur, azgynçylyk dünýäsidir. Dil agzalarymyzyň arasynda tutuş bedeni kirledýändir, dowzahdan lowurdap, tebigatyň gidişini lowurdadýandyr.
7Çünki her bir tebigat, hem haýwanlaryňky, hem guşlaryňky, hem süýrenijileriňki, hem deňiz haýwanlarynyňky adamzat tebigaty arkaly eldeki edilendir we edilýändir.
8Dile bolsa adamlaryň hiç biri erk edip bilýän däldir. Ol durnuksyz erbetlikdir, öldüriji awudan doludyr.
9Biz onuň bilen Ata Hudaýa alkyş okaýarys, onuň bilen Hudaý keşbine görä ýaradylan adamlara-da gargaýarys.
10Alkyş, gargyş bir agyzdan çykýar. Eý doganlar, bu beýle bolmaly däldir.
11Çeşme ajy hem süýji suwy bir gözden çykarýarmy?
12Eý doganlar, injir agajy zeýtun ýa bir üzüm şahasy injir berip bilermi? Bir çeşme hem şor, hem süýji suw berip bilmez.
13Siziň araňyzda akyldar, düşünjeli kim? Ol öz amallaryny oňat ýaşama bilen akyldarlykdan gelen ýumşaklykda görkezsin.
14Eger-de ýüregiňizde ajy içigaralyk, igenjeňlik bar bolsa, onda magtanmaň, hakykata garşy ýalan sözlemäň.
15Bu ýokardan inen akyldarlyk däl-de, dünýä, tebigata, iblise degişli akyldarlykdyr.
16Çünki nirede içigaralyk, igenjeňlik bar bolsa, ol ýerde başbozarlyk, her hili erbet iş hem bardyr.
17Emma Gökden inen akyldarlyk ilki bilen, sap, ondan soň-da parahatlyk söýüji, mylaýym, diýenediji, rehimden, oňat miwelerden doly, ýüz görmezek we ikiýüzlülikden halasdyr.