Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
22 verses
1Eý hatynlar, siz-de şonuň ýaly öz äriňize tabyn boluň. Şeýdip, eger käbirleri Hudaýyň sözüne boýun bolmaýan bolsa,
2siziň gorky içindäki päk edim-gylymyňyzy görüp, öz hatynynyň ýaşaýşy arkaly gürrüňsiz Mesihe gazanylsyn.
3Bezegiňiz saç örmek, altynlar dakynmak ýa esbaplar geýmek bilen, daşky görnüş däl-de,
4Hudaýyň ýanynda has gymmatly bolan ýumşak, ýuwaş ruhuň bozulmaz bezegi, ýüregiň gizlin ynsany bolsun.
5Çünki bir wagtlar Hudaýa umyt baglan mukaddes hatynlar-da, öz ärlerine tabyn bolup, özlerini şeýle bezeýärdiler.
6Mysal üçin, Sara Ybraýyma: «Baýar» diýip boýun boldy. Siz hem hiç bir howpdan gorkman, ýagşylyk etseňiz, onuň perzentleri bolarsyňyz.
7Eý ärler, aýallaryňyzyň özüňizden ejizdigini biliň, olary sylaň. Olar hem siz ýaly Hudaýdan ýaşaýyş sylagyny alýarlar. Dogalaryňyzyň bökdelmezligi üçin şeýle ediň.
8Mahlasy, baryňyz pikirdeş, dertdeş, dogansöýer, rehimdar, kiçigöwünli boluň.
9Ýamanlyga ýamanlyk, sögünje sögünç bilen gaýtargy bermän, tersine, haýyrdoga ediň; çünki siz bereketiň mirasçysy bolmak üçin muňa çagyrylansyňyz.
10Çünki: «Kimiň ýaşaýşy söýüp, ýagşy günler göresi gelýän bolsa, dilini ýamanlykdan, dodaklaryny hileli gepden saklasyn.
11Ýamanlykdan ýüz döndersin, ýagşylyk etsin, parahatlygy agtaryp, şonuň ugrunda gezsin.
12Çünki Rebbiň gözleri dogrulara tarap, gulagy olaryň ýalbaryşlaryna gerlendir. Rebbiň ýüzi ýaman iş edýänlere garşydyr».
13Ýagşylyk etmek üçin gaýrat etseňiz, size kim ýamanlyk etjek?
14Siz dogrulyk üçin görgi görseňiz hem bagtyýarsyňyz. Olaryň gorkýan zatlaryndan gorkmaň, aljyramaň.
15Ýöne ýüregiňizde Reb Hudaýy mukaddes ediň. Içiňizdäki umyt hakynda özüňizden hasabat soran her kese, her wagt jogap bermäge taýýar boluň.
16Muny ýumşaklyk, saýhallylyk bilen ediň. Mesihdäki ýagşy ýaşaýşyňyzy ýamanlaýanlar erbet iş edýänler hökmünde size garşy geplänlerinde utandyrylar ýaly, ynsabyňyz päk bolsun.
17Sebäbi Hudaýyň islegi şeýle bolsa, onda ýagşylyk edip görgi görmek ýamanlyk edip görgi görmekden gowudyr.
18Çünki bizi Hudaýyň ýanyna eltmek üçin, ten boýunça öldürilip, ruh boýunça direlmek bilen, dogry bolan Mesih-de dogry däller ugrunda günäler üçin bir gezek öldi.
19Ol Ruh bilen hem gidip, tussagdaky ruhlara wagyz etdi.
20Olar bir wagtlar, Nuhuň günlerinde gämi ýasalyp ýörkä, Hudaýyň sabyrly garaşýan wagty pitneçi bolupdylar. Ol gämide bolsa az, ýagny sekiz adam suw bilen gutuldy.
21Bu wakanyň nusgasyna görä, bedeniň kiriniň ýuwulmasy däl, eýsem, Hudaýyň huzuryna päk ynsap talaby bolan çokunmaklyk hem indi sizi Isa Mesihiň direlmegi arkaly gutarýar.
22Ol Göge çykdy, Hudaýyň sagynda, perişdeler, hökümdarlar we gudratlar Oňa tabyn.