Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
19 verses
1Mesihiň biziň hatyramyza tende görgi görşi ýaly, siz hem şol pikir bilen ýaraglanyň, çünki kim tende görgi görýän bolsa,
2ol tende galan wagtyny adam höwesine görä däl-de, Hudaý islegine görä ýaşamak üçin günäden el çekendir.
3Çünki ahlaksyzlykda, erbet höweslerde, serhoşlukda, aýşy-eşretde, içgi meýlislerinde we ýigrenji butparazlykda gezip, geçen wagtda milletleriň halaýan zatlaryny ýerine ýetireniňiz size ýeterlikdir.
4Olar özleri bilen birlikde şol çendenaşa ahlaksyzlygyň yzynda däldigiňizi geň görüp, size sögýärler.
5Olar dirileriň hem ölüleriň üstünden höküm çykarmaga taýýar duran Hudaýa hasabat bererler.
6Çünki tende ynsanlara görä üstlerinden höküm çykarylmagy, ýöne ruhda Hudaýa görä ýaşamaklary üçin, Hoş Habar ölülere-de yglan edildi.
7Ähli zatlaryň soňy ýakynlady. Munuň üçin sagdyn düşünjeli bolup, hüşgärlik bilen doga ediň.
8Her zatdan öň birek-birege bolan söýgiňiz joşgunly bolsun, sebäbi, söýgi köp günäleri basyrýandyr.
9Birek-birege hüňürdisiz myhmansöýer boluň.
10Hudaýyň dürli merhemetleriniň oňat dolandyryjysy kimin her kes öz alan sylagyna görä biri-birine hyzmat etsin.
11Biri geplese, Hudaýyň sözlerini aýdyp geplesin; biri hyzmat etse, Hudaýyň beren güýç-kuwwatyna görä hyzmat etsin. Şeýdip, Isa Mesih arkaly Hudaý hemme zatda şöhratlansyn. Şöhrat we gudrat ebedilik Onuňkydyr. Omyn.
12Eý, söýgüli doganlar, sizi synamak üçin araňyzda ýüze çykýan ot azaryny, geň zada sataşan ýaly, geň görmän,
13eýsem, Mesihiň şöhraty görnende, uly begenç bilen şatlanar ýaly, Onuň görgülerine şärikdeş bolan derejede şatlanyň.
14Mesihiň ady sebäpli masgaralanýan bolsaňyz, bagtyýarsyňyz, çünki Hudaýyň şöhratly Ruhy siziň üstüňizde bolýandyr. Olar Oňa dil ýetirýär, siz bolsa Ony şöhratlandyrýarsyňyz.
15Ýöne sizden hiç kim ganhor ýa ogry, jenaýatçy ýa şugul bolup görgi görmesin.
16Kim mesihi bolup görgi görýän bolsa utanmasyn. Ol bu at bilen Hudaýy şöhratlandyrsyn.
17Çünki hökümiň Hudaýyň içersinden başlanmaly wagty gelip ýetdi. Höküm öňürti bizden başlansa, onda Hudaýyň Hoş Habaryna boýun bolmaýanlaryň soňy näme bolar?
18Dogry adam zordan gutulýan bolsa, Onda hudaýsyza, günäkäre näme bolar?
19Munuň üçin Hudaýyň islegi bilen görgi görýänler hem ýagşylyk edip, janlaryny dogruçyl Ýaradana tabşyrmalydyr.