Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
14 verses
1Özleri ýaly ýaşuly, Mesihiň görgüleriniň güwäsi, görünjek şöhratyň şärigi bolan men araňyzdaky ýaşululardan şulary haýyş edýärin:
2araňyzdaky Hudaýyň sürüsine mejburlyk bilen däl-de, meýletinlik bilen gözegçilik ediň. Olary biabraýçylykly gazanç üçin däl-de, isleg bilen,
3özlerine tabşyrylanlara agalyk edýänler ýaly däl-de, sürä görelde bolup, Hudaýyň isleýän ýolunda otladyň.
4Şeýlelikde, Baş Çopan aýan bolanda, solmaz şöhrat täjini alarsyňyz.
5Siz ýaşlar hem, şonuň ýaly, ýaşululara tabyn boluň. Baryňyz biri-biriňize garşy kiçigöwünliligi geýniň, çünki Hudaý tekepbirlere garşy gidýändir, kiçigöwünlilere bolsa merhemet edýändir.
6Hudaý sizi öz wagtynda beýgelder ýaly, Onuň güýçli elleri astynda pälleriňizi pes tutuň.
7Ähli gam-gussaňyzy Onuň üstüne atyň, sebäbi Ol siziň gamhoryňyzdyr.
8Hüşgär boluň, oýanyň. Ýagyňyz bolan iblis arlaýjy arslan kimin aýlanyp, ýuwutjagyny agtaryp ýörendir.
9Dünýädäki doganlaryňyza-da şeýle görgüleriň sataşýanyny bilýäniňiz üçin, oňa garşy imanda berk duruň.
10Mesihde Öz ebedi şöhratyna çagyran bütin merhemetler Hudaýy az wagtlaýyn görgi göreniňizden soň, sizi kämilleşdirer, berkider, güýçlendirer we gurar.
11Şöhrat we gudrat ebedilik Onuňky bolsun. Omyn.
12Meniň pikirimçe sadyk dogan bolan Silwanusyň üsti bilen size az ýazdym, sizi ündäp, siziň içinde duranyňyzyň Hudaýyň hakyky merhemetidigine güwä geçdim.
13Babylda siziň bilen bilelikde saýlanan ýygnak we oglum Markus size salam aýdýar.
14Biri-biriňize söýgi ogşugy bilen salam aýdyň. Mesihde bolan siziň baryňyza parahatlyk bolsun! Omyn.