Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
21 verses
1Isa Mesihiň guly, resuly Simun Petrusdan Hudaýymyzyň, halasgär Isa Mesihiň dogrulygy arkaly biziňki bilen bahadaş imana gowşanlara salam!
2Hudaýy, Rebbimiz Isany tanamakda size merhemet, parahatlyk eçilsin!
3Onuň Hudaýlyk güýji özümizi şöhrat hem artyklyk bilen çagyran Hudaýy tanamagymyz arkaly ýaşaýşa, takwalyga degişli ähli zady bize bagyş etdi.
4Şular arkaly bize juda gymmatly, uly wadalar berdi. Şeýle, siziň ýaman höwesler sebäpli dünýäde bolan bozuklykdan gaçyp, şular arkaly Hudaýlyk tebigata şärik bolmagyňyz göz öňünde tutulýar.
5Şonuň üçin bütin gaýraty sarp edip, imanyňyzda artyklygy, artyklykda bilimi,
6bilimde nebsiňize buýurmagy, nebsiňize buýurmakda sabry, sabyrda takwalygy,
7takwalykda dogan söýgüsini, dogan söýgüsinde hem Hudaýyň söýgüsini köpeldiň.
8Şu zatlar sizde bar bolsa, köpelse, sizi Rebbimiz Isa Mesihi tanamakda bikär hem miwesiz goýmaz.
9Kimde bu zatlar ýok bolsa, ol kördür, uzagy görýän däldir, öňki günälerinden tämizlenendigini unudandyr.
10Şonuň üçin, eý doganlar, çagyrylmagyňyzy, saýlanmagyňyzy berkitmek üçin, köpräk gaýrat ediň. Şeýle etseňiz, asla büdremersiňiz.
11Şeýlelik bilen, Rebbimiz hem Halasgärimiz Isa Mesihiň ebedi Patyşalygyna girme size boldan berler.
12Şonuň üçin bu zatlary bilip, özüňizdäki hakykata nähili berkidilen hem bolsaňyz, men bulary size ýatladyp durmagy asla bes etmerin.
13Men bu çadyrdan gidýänçäm, bulary ýadyňyza salmak arkaly, sizi oýarmagy dogry bilýärin.
14Çünki Rebbimiz Isa Mesihiň-de maňa bildirişi ýaly, basym çadyrymyň çözülmelidigini bilýärin.
15Göçenimden soň-da, hemişe şu zatlary ýada salyp bilmegiňiz üçin şindi gaýrat edýärin.
16Çünki size Rebbimiz Isa Mesihiň güýjüni, gelenini aýdanymyzda, ýasama ertekilere eýermedik, biz Onuň uly şöhratyny öz gözümiz bilen gördük.
17Çünki, iň şöhratly Hudaýdan Oňa: «Meniň Söýgüli Oglum Budur, Ondan razydyryn» diýen ses gelende, Ol Ata Hudaýdan hormat, şöhrat aldy.
18Biz Onuň bilen mukaddes dagdakak, bu sesiň Gökden gelenini eşitdik.
19Şeýle, pygamberlik sözi biziň üçin has berkedi. Gün agaryp, daň ýyldyzy ýüregiňizde dogýança, garaňky ýerde nur saçýan çyra ýaly bu söze üns berseňiz, ýagşy edersiňiz.
20Ozaly bilen, Mukaddes Ýazgynyň pygamberlik sözleriniň hiç biriniň öz-özüňden many çykarma däldigini bilmelisiňiz.
21Çünki welilik hiç haçan adam islegi bilen dile gelen däldir. Hudaýyň mukaddes adamlary Mukaddes Ruh tarapyndan herekete gelip gepländirler.