Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
21 verses
1Halk arasynda ýalan pygamberleriň bolşy ýaly, siziň araňyzda-da ýalan mugallymlar bolar. Olar heläkleýji, bozuk taglymatlar girizmek bilen, özlerini satyn alan Baýary-da inkär edip, öz başlaryna tiz bela getirerler.
2Köp adamlar olaryň azgynçylygyna eýerer, olar sebäpli hakykat ýoluna dil ýetiriler.
3Açgözlülikden ýaňa ýalan sözler bilen sizi ezerler. Olar üçin ozaldan bar bolan höküm gijikmez, olaryň heläkçiligi irkilmez.
4Çünki Hudaý günä eden perişdelere rehim etmän, höküm üçin saklansynlar diýip, olary dowzaha taşlap, tümlük zynjyrlaryna tabşyran bolsa,
5gadym dünýä rehim etmän, hudaýsyzlar dünýäsiniň başyna tupan turzanda, dogrulyk wagyzçysy Nuhy beýleki ýedi adam bilen saklan bolsa,
6Sodom we Gomorra şäherlerini kül edip, üstlerinden weýrançylyk hökümini çykarmak bilen, olary hudaýsyz ýaşajaklara nusga eden bolsa,
7azgynlaryň ahlaksyzlyk içindäki ýaşaýyşyndan jebir çeken, ýöne dogry bolan Luty gutaran bolsa
8(olaryň arasynda ýaşan bu dogry adam olaryň nähak işlerini görmek, eşitmek bilen, öz dogry janyna günsaýyn jebir ederdi),
9hudaýhonlary synagdan nähili halas etmelidigini, dogry dälleri, aýratyn-da, ten isleglerine kowalaşyp, häkimiýeti äsgermeýänleri höküm gününe çenli jeza astynda nähili saklamalydygyny Reb bilýär. Bular ― batyrsyraýanlar, tekepbirler Gökdäki güýçlere dil ýetirmekden gorkmaýarlar.
11Perişdeler güýç we gudratda uly hem bolsalar, bulary garalamak üçin Rebbiň huzuryna höküm getirmeýär.
12Bular bolsa tutulmak, heläk edilmek üçin doglan pähimsiz ýabany haýwanlar ýaly, bilmeýän zatlaryna dil ýetirip, öz heläkçiliklerinde heläk bolarlar.
13Eden ýamanlyklarynyň almytyny alarlar. Tegmilt we biabraý bolan bular gündiz aýşy-eşret sürmegi şatlyk saýýandyr, siziň bilen iýip-içýän wagtlary öz hileleri bilen keýp çekýändir.
14Olaryň zynadan doly, günäden gaýtmaz gözleri bolup, durnuksyz janlary duzaklaýandyrlar; ýürekleri açgözlülige öwrenişen gargyş siňen perzentlerdir.
15Olar Beor ogly Balamyň yzyna eýermek bilen, dogry ýoly terk edip, azaşdylar. Balam hem adalatsyzlyk hakyny söýerdi.
16Ýöne ol öz tagsyrlary üçin käýinç gördi, bir dilsiz-agyzsyz eşek adam sesinde gürläp, pygamberiň däliligini bökdedi.
17Olar suwsuz çeşme, güýçli ýeliň kowýan ümrüdir; garaňky tümlük olar üçin saklanýar.
18Çünki hatada gezýänlerden zordan gaçanlary gopbamsy, boş sözler aýdyp, ahlaksyzlyklar bilen beden höweslerinde duzaklaýarlar.
19Olara azatlygy wada edýärler, özleri bolsa bozuklygyň gullarydyr. Sebäbi adam birinden ýeňilse, oňa gul kimin tabyndyr.
20Çünki olar Reb hem halasgär Isa Mesihi tanamak arkaly dünýäniň pisliklerinden gaçansoňlar, ýene-de bulara garyşyp, ýeňlen bolsalar, onda olaryň soňky ýagdaýy öňküden erbetdir.
21Çünki olar üçin dogrulyk ýoluny bilmezlik, ony bilip-de, özlerine tabşyrylan mukaddes buýrukdan ýüz döndermekden gowy bolardy.
22Olaryň başyna bu hakyky nakylda aýdylanlar geldi: «It öz gusugyna gaýdyp geldi, ýuwnan doňuz batgada togalanmaga».