Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
18 verses
1Eý, söýgüli doganlar, indi size bu ikinji haty ýazýaryn.
2Bularyň ikisinde-de mukaddes pygamberleriň öňden aýdan sözlerini, Reb hem Halasgäriň resullaryňyz arkaly size beren buýrugyny ýadyňyza salmak üçin, sap pikirleriňizi ýatlatma arkaly oýarýaryn.
3Ozaly bilen, biliň, ahyrky günlerde öz höweslerinde gezýän ýaňsylaýjylar ýaňsyly sözler bilen gelip:
4«Rebbiň gelmeginiň wadasy hany? Atalar ölenden bäri hemme zat ýaradylyşyň başlangyjynda bolşy ýaly dur» diýer.
5Çünki olar Gögüň Hudaýyň sözi arkaly gadymdan bäri bardygyndan, ýeriň suw arkaly suwdan döräninden bihabarsyran boldular.
6Ýöne ol wagtky dünýä şol suwda hem gark bolup heläklenipdi.
7Ýöne welin, häzirki Gök, Ýer Onuň sözi bilen ot üçin goralyp, höküm gününe, hudaýsyz adamlaryň heläk boljak gününe çenli saklanýar.
8Eý, söýgüli doganlar, bir zady unutmaň: Rebbiň ýanynda bir gün müň ýyl, müň ýyl bir gün ýalydyr.
9Käbirleriniň gijikme hasap edişi ýaly, Reb Öz wadasyny ýerine ýetirmegi gijikdirýän däldir. Ol biziň üçin sabyr edýändir, çünki Ol hiç kim heläk bolman, hemmeleriň toba gelmegini isleýär.
10Emma Rebbiň güni bir ogry kimin geler. Şonda Gök uly güpürdi bilen geçer, elementler ýanyp dargar, ýer, ondaky zatlar ýanyp ýok bolar.
11Bularyň ählisi şeýle dargajak bolsa, onda siziň nähili adamlar bolmagyňyz gerek? Hudaýyň gününiň gelmegine garaşyp, ony çaltlandyryp, mukaddes ýaşaýyşda, takwalykda gezmelisiňiz.
12Şol gün zerarly Gök ot alyp dargar, elementler ýanyp erär.
13Biz Onuň wadasyna görä täze Göge, täze ýere garaşýarys; olarda bolsa dogrulyk höküm sürer.
14Şoňa görä-de, eý, söýgüli doganlar, bulara garaşýandygymyz üçin, Hudaýyň ýanynda parahatlykda tegmiltsiz, müýnsüz boljak bolup gaýrat ediň.
15Söýgüli doganymyz Pawlusyň hem özüne berlen akyldarlyk boýunça size ýazyşy ýaly, Rebbimiziň sabryny gutulyş pursady saýyň.
16Ol bu zatlardan gürrüň berende, bütin hatlarynda şeýle ýazýandyr. Olarda ýazylanlaryň käbirlerine düşünmek kyndyr, nadan hem durnuksyz adamlar bolsa beýleki Mukaddes Ýazgylary ýoýuşlary ýaly, bulary-da öz heläkçilikleri üçin ýoýýarlar.
17Indi, eý, söýgüli doganlar, azgynlaryň hatalaryna çekilip, berkligiňizde gowşamaz ýaly, bu zatlary öňünden biliň, özüňizi goraň.
18Rebbimiz hem halasgärimiz Isa Mesihiň merhemetinde, biliminde ösüň. Şöhrat häzir we mydamalyk Onuňky bolsun! Omyn.