Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
10 verses
1Ýaşaýyş sözi hakda ozal-başdan bar bolany, eşidenimizi, gözlerimiz bilen görüp synlanymyzy, ellerimiziň tutanyny size yglan edýäris.
2Ýaşaýyş aýan boldy, biz ony gördük, oňa güwä geçýäris. Atada bolup, bize aýan bolan ýaşaýşy, ebedi ýaşaýşy size habar berýäris.
3Siziň-de biziň bilen şärikçiligiňiz bolar ýaly, görenimizi, eşidenimizi size aýdýarys. Biziň şärikçiligimiz bolsa Ata we Onuň Ogly Isa Mesih bilendir.
4Şatlygyňyz kämil bolar ýaly, şulary size ýazýarys.
5Ondan eşiden we size yglan edýän habarymyz şudur: Hudaý nurdur, Onda hiç hili garaňkylyk ýokdur.
6Biz Onuň bilen şärikçiligimiziň barlygyny aýdyp-da, garaňkylykda gezýän bolsak, onda ýalan sözleýändiris, hakykaty berjaý edýän däldiris.
7Onuň nurda bolşy ýaly, biz hem nurda gezýän bolsak, onda biri-birimiz bilen şärikçiligimiz bardyr, Onuň Ogly Isanyň gany bizi hemme günälerden tämizleýändir.
8Günämiz ýokdur diýsek, onda biz özümizi aldaýandyrys, bizde hakykat ýokdur.
9Günälerimizi boýun alsak, Ol ynamdar, adyldyr. Günälerimizi öter, bizi her hili ýamanlykdan arassalar.
10Günä eden däldiris diýsek, Ony ýalançy edýändiris, bizde Onuň sözi ýokdur.