Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
29 verses
1Eý balalarym! Men size şulary günä etmezligiňiz üçin ýazýaryn. Kimdir biri günä eden bolsa, Atanyň ýanynda Töwellaçymyz, dogry bolan Isa Mesih bardyr.
2Ol günälerimize, diňe bir biziňkä däl-de, eýsem, bütin dünýäniň günälerine hem bagyşlanma gazandyran gurbandyr.
3Onuň buýruklaryny berjaý edýän bolsak, bu Ony tanaýandygymyzy bildirýändir.
4Kim «Ony tanaýaryn» diýip-de, buýruklaryny berjaý etmeýän bolsa, ýalançydyr, onda hakykat ýokdur.
5Ýöne kim Onuň sözüni berjaý edýän bolsa, dogrudan-da, onda Hudaýyň söýgüsi kämilleşendir. Ondadygymyzy şundan bilýäris.
6Ol nähili gezen bolsa, Onda galýanyny sözleýäniň özi-de şonuň ýaly gezmäge borçludyr.
7Eý, söýgüli doganlar, men bir täze buýruk däl-de, ozal-başda alan gadymky buýrugyňyzy ýazýaryn. Gadymky buýruk siziň ozal-başda eşiden sözüňizdir.
8Size ýene-de bir täze buýruk ýazýaryn. Ol sizde-de, Mesihde-de hakdyr, çünki garaňkylyk ötýändir, hakyky nur bolsa eýýäm ýalkym saçyp durandyr.
9Kim özüniň nurdadygyny sözläp-de, doganyny ýigrenýän bolsa, ol entek garaňkylykdadyr.
10Doganyny söýýän her kes nurda galýandyr, onda büdreme sebäbi ýokdur.
11Ýöne kim doganyny ýigrenýän bolsa, ol garaňkylykdadyr. Garaňkylykda gezip, ol nirä barýanyny bilýän däldir, çünki garaňkylyk onuň gözlerini kör edendir.
12Eý balalar, size ýazýaryn, çünki günäleriňiz Onuň hatyrasyna bagyşlandy.
13Eý atalar, size ýazýaryn, çünki siz ezelden bar Bolany tanaýarsyňyz. Eý ýaşlar, size ýazýaryn, çünki siz iblisi ýeňdiňiz. Eý balalar, size ýazdym, çünki siz Atany tanaýarsyňyz.
14Eý atalar, size ýazdym, çünki siz ezelden bar Bolany tanaýarsyňyz. Eý ýaşlar, size ýazdym, çünki siz güýçlüsiňiz, Hudaýyň sözi sizde galýar, siz iblisi ýeňdiňiz.
15Dünýäni, dünýädäki zatlary söýmäň. Biri dünýäni söýýän bolsa, onda Atanyň söýgüsi ýokdur.
16Çünki dünýäde bolan ähli zatlary: ten höwesleri, göz höwesi we ýaşaýyş tekepbirligi Atadan däl, dünýädendir.
17Dünýä we onuň höwesleri geçip gider, kim Hudaýyň islegini ýerine ýetirse, baky galar.
18Eý balalar, bu soňky sagatdyr, Mesihe garşy göreşiji gelýär diýip eşidişiňiz ýaly, şu wagt hem ençeme Mesihe garşy göreşiji çykypdyr. Biz soňky sagatdygyny şundan bilýäris.
19Olar bizden çykdylar, ýöne bizden däldiler, çünki bizden bolan bolsalar, biziň aramyzda galardylar. Ýöne olaryň barynyň bizden däldigi aýan bolar ýaly çykdylar.
20Siz bolsa mukaddes Bolandan Mukaddes Ruhy alansyňyz, hemme zady bilýänsiňiz.
21Men size hakykaty bilmeýändigiňiz üçin däl-de, eýsem, ony we hiç bir ýalanyň hakykatdan däldigini bilýändigiňiz üçin ýazdym.
22Isanyň Mesihdigini inkär edýän ýalançy däl bolsa, onda kim ýalançy? Atany, Ogly inkär edýän, ine, Mesihe garşy göreşijidir.
23Ogly inkär edýän adamda Ata hem ýokdur. Ogly ykrar edýän adamda Ata hem bardyr.
24Ozal-başdan eşideniňiz sizde galsyn. Ozal-başdan eşideniňiz sizde galsa, siz hem Ogulda, hem Atada galarsyňyz.
25Onuň bize beren wadasy ebedi ýaşaýyşdyr.
26Bu zatlary sizi azdyrýanlar barada ýazdym.
27Ýöne siziň Ondan alan Mukaddes Ruhuňyz sizde galýandyr, size biriniň öwretmeginiň geregi bolman, eýsem, Onuň şol Ruhy ähli zatlar hakda size nähili öwredýän bolsa, ol hem ýalan däl-de, hakykat bolsa, size öwredişi ýaly, Onda galarsyňyz.
28Indi, eý balalar, Ol aýan bolanda, gaýratly bolar ýaly, gelende, huzurynda utançsyz durar ýaly, Onda galyň.
29Onuň dogrudygyny bilýän bolsaňyz, dogrulygy berjaý edýän her kişiniň hem Ondan dogandygyny biliň.