Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
24 verses
1Biziň Hudaýyň balalary adyny almagymyz üçin, Ata bize, gör, nähili söýgi beripdir! Şonuň üçin-de dünýä bizi tanamaýar, çünki Ony tanamady.
2Eý, söýgüli doganlar, biz şindi Hudaýyň balalarydyrys. Biziň näme boljakdygymyz entek aýan bolanok. Ýöne Mesih aýan bolanda, Onuň ýaly boljakdygymyzy bilýäris, çünki Ony bolşy ýaly göreris.
3Oňa umyt baglan her kes Onuň sap bolşy ýaly, özüni saplar.
4Günä edýän kişi kanunsyzlyk hem edýändir, çünki günä kanunsyzlykdyr.
5Siz Onuň biziň günälerimizi Öz üstüne almak üçin aýan bolanyny bilýänsiňiz. Onda günä ýokdur.
6Onda galýan hiç kim günä etmez. Günä edýän kişi Ony ne görendir, ne-de tanandyr.
7Eý balalar! Hiç kime özüňizi azdyrtmaň! Kim dogrulygy ýerine ýetirýän bolsa, Onuň dogry bolşy ýaly dogrudyr.
8Günä edýän iblisdendir, çünki iblis başlangyçdan bäri günä edip gelýär. Muňa görä-de, Hudaýyň Ogly iblisiň işlerini ýok etmek üçin aýan boldy.
9Hudaýdan dogan adam günä etmez, çünki Hudaýyň tohumy onda galýandyr. Ol günä edip bilmez, çünki ol Hudaýdan doglandyr.
10Hudaýyň balalary bilen iblisiň balalary şundan bellidir: dogrulygy ýerine ýetirmeýän, doganyny söýmeýän adam Hudaýdan däldir.
11Çünki siziň ozal-başdan eşiden habaryňyz şudur: biri-birimizi söýeliň.
12Iblisden bolan, öz doganyny öldüren Kabyl ýaly bolmalyň. Ol ony näme üçin öldürdi? Çünki öz işleri erbet, doganynyňky dogrudy.
13Eý doganlar, dünýä sizi ýigrenýän bolsa, geňirgenmäň.
14Biz özümiziň ölümden ýaşaýşa geçendigimizi bilýäris, sebäbi, biz doganlary söýýäris. Ýöne doganyny söýmeýän ölümde galýandyr.
15Doganyny ýigrenýän kişi ganhordyr, siz hiç bir ganhorda ebedi ýaşaýşyň galmaýanyny bilýänsiňiz.
16Biz söýgini Onuň Öz janyny biziň üçin pida edeninden tanadyk; biz-de doganlar üçin janymyzy pida etmäge borçludyrys.
17Dünýä malyna baý bolup, doganyny mätäçlikde görende, oňa ýüregiýukalyk etmeýän kişide Hudaýyň söýgüsi nähili galar?
18Eý balalar, diňe bir söz bilen, dil bilen däl-de, iş hem hakykat bilen söýeliň.
19Hakykatdandygymyzy şeýle bilip, Onuň garşysynda ýüregimize ynjalyk bereliň.
20Çünki ýüregimiz bizi ýazgarýan bolsa-da, Hudaý ýüregimizden uludyr, hemme zady bilýändir.
21Eý, söýgüli doganlar, eger ýüregimiz bizi ýazgarmaýan bolsa, onda Hudaýyň huzurynda gaýratymyz bolar.
22Näme dilesek, Ondan alarys, çünki Onuň buýruklaryny berjaý edip, Onuň halanyny edýändiris.
23Onuň buýrugy bolsa Ogly Isa Mesihiň adyna iman etmegimiz, Onuň bize buýruşy ýaly, biri-birimizi söýmegimizdir.
24Hudaýyň buýruklaryny berjaý edýän Hudaýda, Hudaý hem onda galýandyr. Onuň bizde galýanyny şundan, ýagny Onuň bize beren Ruhundan bilýäris.