Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
21 verses
1Eý, söýgüli doganlar, her bir ruha ynanmaň. Ruhlaryň Hudaýdandygyny bilmek üçin olary synap görüň, çünki dünýä köp ýalan pygamberler çykdy.
2Hudaýyň Ruhuny şundan tanarsyňyz: Isa Mesihiň ten bilen gelenini ykrar edýän her bir ruh Hudaýdandyr.
3Isa Mesihiň ten bilen gelenini ykrar etmedik her bir ruh Hudaýdan däldir. Bu Mesihe garşy göreşijiniň ruhudyr. Siz onuň gelýänini eşitdiňiz, ol şu wagt hem eýýäm dünýädedir.
4Eý balalar, siz Hudaýdansyňyz, ýalan pygamberleri ýeňensiňiz, çünki sizde Bolýan dünýäde bolýandan uludyr.
5Olar dünýädendir; şu sebäpden hem olar dünýäniň nukdaýnazaryndan gürleýär, dünýä olary diňleýär.
6Biz Hudaýdandyrys; kim Hudaýy tanaýan bolsa, bizi diňlär; kim Hudaýdan däl bolsa, bizi diňlemez. Biz hakykat ruhy bilen aldaw ruhuny şundan tanaýandyrys.
7Eý, söýgüli doganlar, biri-birimizi söýeliň, çünki söýgi Hudaýdandyr, her kim söýýän bolsa, Hudaýdan dogandyr, Hudaýy tanaýandyr.
8Kim söýmeýän bolsa, Hudaýy tanan däldir, çünki Hudaý söýgüdir.
9Bize Hudaýyň söýgüsi şeýle aýan boldy: biziň Ol arkaly ýaşamagymyz üçin, Hudaý Özüniň ýalňyz Ogluny dünýä iberdi.
10Biz Hudaýy däl, eýsem, Ol bizi söýüp, Öz Ogluny günälerimize bagyşlanma gazandyrýan gurban edip iberdi. Ine, söýgi şudur.
11Eý, söýgüli doganlar, Hudaý bizi şeýle söýen bolsa, onda biz-de biri-birimizi söýmäge borçludyrys.
12Hudaýy hiç kim hiç haçan gören däldir. Biz biri-birimizi söýýän bolsak, onda Hudaý bizde galýandyr, Onuň söýgüsi bizde kämilleşendir.
13Biziň Onda, Onuň hem bizde galýanyny Onuň Öz Ruhundan bize bereninden bilýäris.
14Biz synladyk, Atanyň Öz Ogluny dünýäniň Halasgäri edip iberenine güwä geçýäris.
15Kim Isanyň Hudaýyň Ogludygyny ykrar edýän bolsa, Hudaý onda, ol hem Hudaýda galýandyr.
16Biz Hudaýyň özümize bolan söýgüsine düşündik, oňa ynandyk. Hudaý söýgüdir, kim söýgüde galýan bolsa, ol Hudaýda, Hudaý hem onda galýandyr.
17Höküm gününde gaýratymyz bolar ýaly, söýgi bizde şeýle kämilleşendir, çünki Ol nähili bolsa, biz hem bu dünýäde şeýlediris.
18Söýgüde gorky ýokdur. Kämilleşen söýgi gorkyny kowup çykarýandyr, çünki gorkuda sütem bardyr. Kim gorkýan bolsa, ol söýgüde kämilleşen däldir.
19Biz Ony söýýäris, çünki öňinçä Ol bizi söýdi.
20Kim: «Hudaýy söýýärin» diýip-de, öz doganyny ýigrenýän bolsa, onda ol ýalançydyr. Çünki özüniň görüp duran doganyny söýmeýän adam görmedik Hudaýyny söýüp bilmez.
21Bizde Onuň: «Hudaýy söýýän öz doganyny-da söýmelidir» diýen buýrugy bardyr.