Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
21 verses
1Isanyň Mesihdigine iman edýän kişi Hudaýdan doglandyr. Atany söýýän kişi Ondan dogany-da söýýändir.
2Hudaýyň balalaryny söýýändigimizi Hudaýy söýüp, Onuň buýruklaryny berjaý edişimizden bilýäris.
3Çünki Hudaýyň söýgüsi Onuň buýruklaryny berjaý etmekdir, Onuň buýruklary bolsa agyr däldir.
4Çünki Hudaýdan dogan kişi dünýäni ýeňýändir, dünýäden üstün çykan ýeňiş biziň imanymyzdyr.
5Isanyň Hudaýyň Ogludygyna ynanýan, dünýäni ýeňýän dälmi näme?!
6Suw, gan arkaly gelen Isa Mesihdir. Ol diňe bir suw arkaly däl-de, suw hem gan arkaly gelendir. Şeýle, Gökde güwälik berýän üçdür: Ata, Söz we Mukaddes Ruh. Bularyň üçüsi hem birdir.
7Güwälik berýän-de Ruhdur, çünki Ruh hakykatdyr.
8Şeýle güwälik berýän üçdür: Ruh, suw we gan. Bularyň üçüsiniň hem güwäligi bir çykýar.
9Biz adamlaryň güwäligini kabul edýän bolsak, Hudaýyň güwäligi ondan uludyr, çünki bu Hudaýyň Öz Ogly hakynda beren güwäligidir.
10Hudaýyň Ogluna iman edýände Hudaýyň güwäligi bardyr. Hudaýa iman etmeýän bolsa, Ony ýalançy edendir, çünki Hudaýyň Öz Ogly hakda beren güwäligine iman eden däldir.
11Bu güwälik bolsa şudur: Hudaý bize ebedi ýaşaýyş berdi, bu ýaşaýyş Onuň Oglundadyr.
12Kimde Ogul bar bolsa, onda ýaşaýyş hem bardyr, kimde Hudaýyň Ogly ýok bolsa, onda ýaşaýyş hem ýokdur.
13Men muny size ― Hudaýyň Oglunyň adyna iman edenlere ýazdym. Şeýle, siz Hudaýyň oglunyň adyna iman edenler ebedi ýaşaýşyňyzyň barlygyny biliň.
14Biziň Onuň huzuryndaky gaýratymyz bolsa şudur: Onuň islegine görä bir zat dilesek, Ol dilegimizi eşider.
15Onuň her dilegimizi eşidýändigini bilýän bolsak, onda Özünden dilän dilegimizi aljakdygymyzy-da bilýändiris.
16Biri doganynyň ölüme eltmeýän günä edýänini görse, doga etmelidir, Hudaý oňa ýaşaýyş berer. Muny ölüme eltmeýän günä edýänler hakda aýdýaryn. Ölüme eltýän bir günä bardyr; men munuň üçin doga etsin diýmeýärin.
17Her bir ýamanlyk günädir, ýöne ölüme eltmeýän günä-de bardyr.
18Biz Hudaýdan dogan her bir kişiniň günä etmeýänini bilýäris. Hudaýdan dogan özüni saklaýandyr, iblis oňa el gatmaz.
19Biz özümiziň Hudaýdandygymyzy, bütin dünýäniň bolsa iblisiň goly astyndadygyny bilýäris.
20Biz hak Hudaýy tanar ýaly, Hudaýyň Oglunyň gelip, bize pähim berenini bilýäris. Biz hak Bolanda, ýagny Onuň Ogly Isa Mesihdediris. Ol hak Hudaýdyr, ebedi ýaşaýyşdyr.
21Eý balalar, özüňizi butlardan goraň! Omyn.