Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
13 verses
1Hudaýyň saýlany, meniň hakykatda söýýän hanymyma, onuň çagalaryna ýaşuludan salam! Sizi diňe men däl, eýsem, hakykaty tanaýanlaryň hemmesi-de söýýändir.
2Çünki hakykat bizde galýar, ol baky biziň bilen galar.
3Ata Hudaýdan, Atanyň Ogly Reb Isa Mesihden hakykat, söýgüde merhemet, rehim we parahatlyk biziň bilen bolar.
4Men seniň oglanlaryň käbirleriniň Atadan alan buýrugyňyz boýunça hakykatda gezýänini görenime gaty şat boldum.
5Häzir, eý hanym, saňa bir täze buýruk däl-de, ozal-başdan bizde bolany ýazyp, senden birek-biregi söýmegi haýyş edýärin.
6Söýgi Hudaýyň buýrugyna görä gezmegimizden ybaratdyr. Onuň buýrugy ozal-başdan eşidişiňiz ýaly, söýgüde gezmegiňizdir.
7Sebäbi dünýä ençeme aldawçy geldi. Olar Isa Mesihiň bedende gelenini ykrar etmeýär. Beýle adam aldawçy, Mesihe garşy göreşijidir.
8Biz gazananlarymyzy ýitirmän, doly muzdy alar ýaly, özüňizden habardar boluň.
9Mesihiň taglymatyndan arany açan, onda galmaýan adamda Hudaý ýokdur. Kim taglymatda galýan bolsa, onda hem Ata, hem-de Ogul bardyr.
10Biri gelip-de, bu taglymaty getirmese, ony içeri salmaň, oňa salam bermäň.
11Çünki oňa salam beren onuň erbet işlerine şärik bolýandyr.
12Size ýazmaly köp zatlarym bar, ýöne kagyz, syýa bilen ýazasym gelenok. Emma şatlygyňyz kämil bolar ýaly, ýanyňyza gelip, siziň bilen ýüzbe-ýüz gürleşeris diýen umydym bar.
13Saýlanan uýam oglanlary saňa salam aýdýar. Omyn.