Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
13 verses
1Şonuň üçin, mundan artyk çydamaga halymyz galmansoň, Afinyda ýeke galmaga razy bolduk.
2Sizi imanyňyzda berkitmek, ruhlandyrmak üçin, Mesihiň Hoş Habaryny ýaýratmakda işdeşimiz, Hudaýyň hyzmatkäri bolan doganymyz Timoteosy ýanyňyza iberdik.
3Muny bu muşakgatlar zerarly hiç kim gowşamasyn diýip etdik. Sebäbi biziň munuň üçin oturdylandygymyzy özüňiz bilýänsiňiz.
4Siziň ýanyňyzdakak hem muşakgat çekjegimizi öňünden aýdypdyk. Bilşiňiz ýaly, şeýle hem boldy.
5Şonuň üçin hem, men mundan artyk çydap bilmän, azdyryjy şeýtan sizi azdyryp, zähmetimiz biderek bolaýmasyn diýip, imanyňyzyň ýagdaýyny bilmek üçin, doganymyzy iberdim.
6Emma ýanyňyzdan ýaňy gelen Timoteos siziň imanyňyz, söýgiňiz hakda bize oňat habarlar getirdi. Bizi hemişe gowulyk bilen ýatlaýandygyňyzy, biziň sizi göresimiz gelşi ýaly, siziň-de bizi gaty küýseýändigiňizi aýtdy.
7Şu sebäpden, eý doganlar, biz bütin kynçylykdyr muşakgatlarymyz içinde imanyňyz üçin sizden teselli tapdyk.
8Indi siz Rebde berk dursaňyz, biz ýaşarys.
9Hudaýymyzyň öňünde siz sebäpli duýan bütin şatlygymyzyň öwezini siziň üçin Hudaýa nähili şükür etme bilen dolduryp bileris?
10Biz, ýüzüňizi görmek, imanyňyzyň ýetmezini doldurmak üçin, gije-gündiz tüýs ýürekden doga edýäris.
11Atamyz Hudaýyň Özi we Rebbimiz Isa ýolumyzy size tarap göneltsin.
12Reb biziň size bolan söýgimiz ýaly biri-biriňize we bütin adamlara bolan söýgiňizi artdyrsyn.
13Rebbimiz Isa bütin mukaddesleri bilen gelende, Atamyz Hudaýyň öňünde mukaddeslikde müýnsüz bolar ýaly, ýüregiňizi berkitsin.