Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
20 verses
1Doganlar, siziň ýanyňyza gelmegimiz ýöne ýere däldi, muny özüňiz bilýänsiňiz.
2Bilşiňiz ýaly, biz öň Filipide horluk çekip, kemsidilmelere sezewar bolduk, ýöne uly garşylyk bolsa-da, Hudaýyň Hoş Habaryny size wagyz etmek üçin Hudaý bize gaýrat berdi.
3Çünki haýyşymyz aldawa, hapalyga, hilä daýanman,
4eýsem Hudaýyň bizi mynasyp görüp, Hoş Habary tabşyranyna görä, biz adamlary däl-de, ýüregimizi synaýan Hudaýy hoşnut etjek bolup gepleýäris.
5Çünki bilşiňiz ýaly, ýanyňyzda ýalynjaňlyk bilen gepläp, ýakymly sözleri açgözlülige asla perde edinen däldiris. Muňa Hudaý şaýatdyr.
6Biz hiç kimden, sizden hem beýlekilerden hormat hantama bolmadyk.
7Mesihiň resullary hökmünde size agram salyp hem bilerdik, ýöne biz öz çagalaryny bagryna basýan ene ýaly siziň araňyzda mylakatly gezdik.
8Sizi şeýle küýseýän biz size diňe Hudaýyň Hoş Habaryny däl-de, öz janymyzy-da bermäge razydyk. Çünki bize gaty eziz bolduňyz.
9Doganlar, özüňiz zähmetimizi, çeken azabymyzy ýada salaýansyňyz: biz Hudaýyň Hoş Habaryny size wagyz edenimizde hiç biriňize agram salmajak bolup, gije-gündiz işledik.
10Iman eden siz babatda özümizi nähili mukaddes, dogry we müýnsüz alyp baranymyza özüňiz şaýatsyňyz, Hudaý-da şaýatdyr.
11Bilşiňiz ýaly, bir atanyň çagalaryna edişi ýaly, biz hem siziň baryňyzy ruhlandyryp, size göwünlik berdik,
12Patyşalygyna, şöhratyna çagyran Hudaýa mynasyp gezmegiňizi tabşyrdyk.
13Şonuň üçin hem Hudaýa dyngysyz şükür edýäris. Çünki siz Hudaýyň sözüni bizden eşidip kabul edeniňizde, muny adam sözi hökmünde däl-de, hakykatda bolşy ýaly, Hudaýyň sözi hökmünde kabul etdiňiz. Siz imanlylarda işleýän söz budur.
14Sebäbi, eý doganlar, siz Hudaýyň Ýahudada Mesih Isa degişli bolan ýygnaklaryny görelde edindiňiz. Olaryň ýehudylardan çeken şol jebirlerini öz ildeşleriňizden çekdiňiz.
15Hem Reb Isany, hem-de öz pygamberlerini öldüren, bizi hem kowalan ýehudylardyr. Olar özge milletlerden bolanlara gürrüň bermegimize, şeýdip hem olaryň gutulmagyna ýol bermezlik bilen, Hudaýyň halamaýan zadyny edýärler, bütin adamlara duşman bolýarlar.
16Şeýlelikde, öz günä gaplaryny hemişe püre-pür edýärler. Emma Hudaýyň gazaby ahyrsoňy olaryň başyndan indi.
17Eý doganlar, biz ýürek däl-de, didar boýunça az wagt sizden aýra düşsek-de, çuň küýseg bilen didaryňyzy görmäge köpräk gaýrat etdik.
18Çünki ýanyňyza barasymyz gelýärdi. Men Pawlus muny ençeme gezek isledim, ýöne şeýtan bize päsgel berdi.
19Biziň umydymyz, şatlygymyz, Rebbimiz Isa gelende, Onuň öňünde guwanjak täjimiz näme? Siz dälmi?
20Hawa, biziň magtanjymyz hem, şatlygymyz hem sizsiňiz.