Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
10 verses
1Ata Hudaý we Reb Isa Mesihde bolan selanikli imanlylar ýygnagyna Pawlusdan, Silwanusdan we Timoteosdan salam! Atamyz Hudaýdan, Reb Isa Mesihden size merhemet hem parahatlyk bolsun!
2Biz sizi dogalarymyzda ýatlap, elmydama baryňyz üçin Hudaýa şükür edýäris.
3Imanyň hasyly bolan işiňizi, söýgüden emele gelen zähmetiňizi, Rebbimiz Isa Mesihe baglan umydyňyzdan dörän çydamyňyzy Hudaýymyz hem Atamyz öňünde dyngysyz ýatlaýarys.
4Eý, Hudaý tarapyndan söýülýän doganlarym! Biz Onuň sizi saýlanyny bilýäris.
5Çünki biziň ýaýradýan Hoş Habarymyz size diňe bir söz bilen däl-de, gudrat bilen, Mukaddes Ruh bilen, uly ynam bilen gelip gowuşdy. Biz araňyzdakak siziň peýdaňyz üçin nähili ýaşandygymyzy özüňiz bilýänsiňiz.
6Siz agyr muşakgatlara garamazdan, Mukaddes Ruhuň beren şatlygy bilen sözi kabul edip, bizden we Rebden görelde aldyňyz.
7Şeýdip hem Makedoniýa bilen Ahaýadaky bütin imanlylara görelde bolduňyz.
8Çünki Rebbiň sözi sizden eşidilip ugrady. Hudaýa bolan imanyňyzyň habary diňe Makedoniýa, Ahaýa däl-de, hemme ýere ýaýrady. Şoňa görä-de, bize gürrüň berere zat galmady.
9Sebäbi olaryň özleri bizi nähili garşylandygyňyzy aýdyp, diri, hakyky Hudaýa gulluk etjek bolup,
10Onuň ölümden direlden, bizi geljekki gazapdan halas eden Ogly Isanyň Gökden gelmegine garaşmak üçin butlardan Hudaýa tarap öwrülendigiňizi gürrüň edýärler.