Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
18 verses
1Eý hojaýynlar, gullaryňyz babatda adyllygy, deňligi berjaý ediň. Özüňiziň hem Gökde Hojaýynyňyzyň barlygyny biliň.
2Dogada erjellik ediň, şükür edip ägä boluň.
3Şonuň bilen birlikde Hudaýyň sözüni ýaýradyp, ugrunda meniň bendi bolan Mesihimiň syryny aýan eder ýaly, Hudaý bize bir gapy açsyn diýip, biziň üçin hem doga ediň.
4Şeýlelikde, sözi edilmelisi ýaly aýan edeýin.
5Pursatdan peýdalanyp, özüňizden bolmadyklar bilen paýhasly boluň.
6Her kime nähili jogap bermelidigiňizi biler ýaly, sözüňiz duz bilen tagamly edilip, ýakymly bolsun.
7Rebde işdeşim, sadyk hyzmatkär, söýgüli doganymyz Tihikus men hakda size ähli zady habar berer.
8Ol siziň hal-ýagdaýyňyzy bilip, ýüregiňize teselli berer ýaly, ýörite şonuň üçin,
9sizden bolan sadyk we söýgüli doganymyz Onesimus bilen bile ony size ýolladym. Olar bu ýerde bolup geçýän zatlaryň hemmesini size aýdarlar.
10Tussagda meniň bilen bile bolýan ýoldaşym Aristarkus bilen Barnabasyň ýegeni Markus size salam aýdýar. Markus baradaky buýruklary alansyňyz, barsa, ony kabul ediň.
11Ýustus lakamly Ýeşu hem size salam aýdýar. Hudaýyň Patyşalygy üçin zähmet çekýän işdeşlerim bolan sünnetliler diňe şulardyr. Bular maňa teselli berdiler.
12Özüňizden bolan, Mesih Isanyň guly Epafra size salam aýdýar. Ol Hudaýyň her isleginde kämil bolup, doly ynam bilen duruň diýip, dogalarynda hemişe siziň üçin göreş edýär.
13Men onuň siz barada we Laodikiýa bilen Iýerapolisdäkiler barada gaty yhlaslydygyna güwä geçýärin.
14Söýgüli tebip Luka bilen Dima size salam aýdýar.
15Laodikiýadaky doganlara, Nimfasa we onuň öýündäki imanlylar ýygnagyna salam aýdyň.
16Şu hat araňyzda okalandan soň, ony laodikiýaly imanlylar ýygnagyna hem okadyň. Siz hem Laokdikiýadan gelen haty okaň.
17Arhipusa: «Dykgat et, Rebde alan hyzmatyňy bitirjek bol» diýip aýdyň.
18Men Pawlus öz elim bilen bu salam hatyny ýazýaryn. Zynjyrlar bilen baglydygymy ýada salyň. Hudaýyň merhemeti siz bilen bolsun! Omyn.