Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
25 verses
1Şunlukda, Mesih bilen bile direlendigiňize görä, Gökdäki zatlary, Mesihiň Hudaýyň sagynda oturan ýerindäki zatlary küýsäň.
2Ünsüňizi Ýerdäki däl-de, Gökdäki zatlara gönükdiriň.
3Çünki siz ölensiňiz, ýaşaýşyňyz Mesih bilen bile Hudaýda gizlenendir.
4Biziň ýaşaýşymyz bolan Mesih aýan bolanda, siz hem Onuň bilen bile şöhratda aýan bolarsyňyz.
5Şonuň üçin ýerdäki tebigatyňyza mahsus bolan zyna, hapalyk, şehwet, höwesler we butparazlyga barabar bolan husytlyk ýaly islegleriňizi öldüriň.
6Hudaýyň gahar-gazaby Onuň sözüne gulak asmaýanlaryň üstüne şu zatlar üçin inýär.
7Ozallar şeýle gezen wagtyňyz bu ýollardan siz hem ýörediňiz.
8Indi bolsa beýle zatlaryň ählisini: gahary, gazaby, ýamanlygy, sögünji we agzyňyzdan çykýan hapa sözleri taşlaň.
9Öňki ýaradylyşy erbet işleri bilen bile egniňizden çykaryp,
10Ýaradanyň keşbine görä, Hudaýy tanamagyňyz üçin, täzelenen täze ýaradylyşy geýnenligiňiz sebäpli, biri-biriňize ýalan söz aýtmaň.
11Bu täzelikde grek we ýehudy, sünnetlilik we sünnetsizlik, warwar, skif, gul we azat arasynda parh ýok, ýöne Mesih her zatdyr, her zatdadyr.
12Şeýlelik bilen, Hudaýyň mukaddes hem söýgüli saýlananlary hökmünde rehimdarlyk ýüregini, ýagşylygy, kiçigöwünliligi, ýumşaklygy we sabry geýniň.
13Biri-biriňize sabyr-takatly boluň. Birew birewden kineli bolsa, Mesihiň sizi bagyşlaýşy ýaly, siz hem birek-biregi bagyşlaň.
14Bularyň hemmesiniň üstünden-de kämil birligiň bagy bolan söýgini geýiň.
15Ýüregiňizde Mesihiň parahatçylygy höküm sürsün. Siz bir bedeniň agzalary bolup, bu parahatçylyga çagyrylansyňyz. Minnetdar hem boluň.
16Mesihiň sözi bütin baýlygy bilen ýüregiňizde ýaşasyn. Bütin akyldarlyk bilen biri-biriňize öwrediň, öwüt beriň, mezmurlar, öwgüli aýdymlar, ruhy nagmalar aýdyp, şükür bilen ýüregiňizden Rebbe nagma okaň.
17Söz bilen ýa iş bilen näme etseňiz, baryny Reb Isanyň ady bilen, Ol arkaly Ata Hudaýa şükür edip berjaý ediň.
18Eý aýallar, Rebde ýaraşykly bolşy ýaly, äriňize tabyn boluň.
19Eý ärler, aýalyňyzy söýüň, olara ýowuz bolmaň.
20Eý çagalar, ähli zatda ata-eneňiziň sözüne gulak asyň. Çünki bu Rebbiň halaýanydyr.
21Eý atalar, çagalaryňyzy ynjatmaň, olar ruhdan düşmesin.
22Eý gullar, ähli zatda dünýädäki hojaýynyňyzyň sözlerine gulak asyň. Muny göze ýakymly görünýän hyzmatlar bilen adama ýaranmak isleýänler ýaly etmän, eýsem, ýürek sadalygy bilen, Rebden gorkup ýerine ýetiriň.
23Rebden miras sylagyny aljagyňyzy bilip,
24her näme etseňiz, adamlar üçin däl-de, Reb üçin ýürekden işläň. Siz Reb Mesihe gulluk edýänsiňiz.
25Ýamanlyk eden öz eden ýamanlygynyň almytyny alar. Onda ýüz görme ýokdur.