Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
28 verses
1Eý doganlar, bu wakalaryň wagt hem möwsümleri hakda size ýazmagyň geregi ýok.
2Çünki Rebbiň gününiň bir ogrynyň gije gelşi ýaly bolup geljegini özüňiz oňat bilýänsiňiz.
3Adamlar: «Her zat parahatlyk, aman» diýen badyna, göwreli aýalyň burgusynyň tutuşy ýaly, birdenkä olaryň üstüne heläkçilik iner, gaçyp bilmezler.
4Emma, doganlar, ol gün sizi bir ogry kimin basar ýaly, siz garaňkylykda dälsiňiz.
5Çünki baryňyz nura, gündize degişli adamlarsyňyz. Biz gijä ýa garaňkylyga degişli däldiris.
6Şeýlelikde, beýlekiler ýaly uklaman, oýa, hüşgär bolalyň.
7Çünki uklaýanlar gije uklaýandyr, serhoş bolýanlar-da gije serhoş bolýandyr.
8Gündize degişli bolan biz bolsa, iman, söýgi sowudyny geýip, kellämize tuwulga hökmünde, gutulyş umydyny geýnip, hüşgär bolalyň.
9Çünki Hudaý bizi gazaba sezewar bolmak üçin däl-de, Rebbimiz Isa Mesih arkaly gutulyşa gowuşmak üçin belledi.
10Biz oýa bolsak-da, ukuda bolsak-da, Onuň bilen ýaşar ýaly, Mesih biziň üçin öldi.
11Şonuň üçin, şu wagt hem edişiňiz ýaly, biri-biriňizi ruhlandyryň, biri-biriňizi abatlaň.
12Eý doganlar, araňyzda zähmet çekýänleriň, Reb ýolunda size öňbaşçylyk edip öwüt berýänleriň gadyryny bilmegi sizden haýyş edýäris.
13Edýän işleriniň hatyrasyna olara çäksiz söýgi bilen hormat goýuň. Özara parahatçylykda ýaşaň.
14Doganlar, size ýalbarýarys, boş gezýänlere öwüt-ündew ediň, göwnüçökgünlere göwünlik beriň, ejizleri goldaň, hemmeler barada sabyrly boluň.
15Habardar boluň, hiç kim ýamanlyga ýamanlyk bilen gaýtargy bermesin. Gaýtam biri-biriňize, ähli adamlara ýagşylyk etjek bolup hemişe tagalla ediň.
16Hemişe şatlyk ediň.
17Dyngysyz doga ediň.
18Ähli ýagdaýda şükür ediň. Çünki Hudaýyň Mesih Isada siz baradaky islegi şudur.
19Ruhy söndürmäň.
20Pygamberlik sözlerini äsgermezlik etmäň.
21Her zady synap görüň. Gowy zady gaýym saklaň.
22Her hili erbetlikden gaça duruň.
23Parahatlygyň gözbaşy bolan Hudaýyň Özi sizi bütinleý mukaddes etsin. Ruhuňyz, janyňyz we teniňiz saklanyp, Rebbimiz Isa Mesih gelende nogsansyz hem müýnsüz bolsun.
24Sizi çagyran Hudaý ynamdardyr, Ol muny başarar.
25Doganlar, biziň üçin doga ediň.
26Bütin doganlara mukaddes ogşuk bilen salam aýdyň.
27Bu hatyň bütin mukaddes doganlara okalmagyny Rebbiň adyndan size tabşyrýaryn.
28Rebbimiz Isa Mesihiň merhemeti siziň bilen bolsun! Omyn.