Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
12 verses
1Atamyz Hudaý we Reb Isa Mesihde bolan selanikli imanlylar ýygnagyna Pawlusdan, Silwanusdan we Timoteosdan salam!
2Atamyz Hudaý, Reb Isa Mesih size merhemet etsin, parahatlyk bersin!
3Eý doganlar, biz siz babatda elmydama Hudaýa şükür etmäge borçludyrys. Beýle etmegimiz ýaraşyklydyr. Çünki siziň imanyňyz gitdigiçe ösýär, her biriňiziň beýlekä bolan söýgüsi artýar.
4Şeýlelik bilen, biz çekýän azaryňyzda, muşakgatyňyzda görkezýän çydam hem imanyňyz üçin, Hudaýyň ýygnaklary arasynda siziň bilen magtanýarys.
5Bularyň bary Hudaýyň adalatly höküminiň belgisidir. Şonuň netijesinde, siz ugrunda görgi görýän Hudaýyňyzyň Patyşalygyna mynasyp saýylarsyňyz.
6Çünki size muşakgat çekdirenlere Hudaýyň muşakgat bilen gaýtargy bermegi,
7muşakgat çeken sizi-de biziň bilen bile ynjaltmagy Onuň adyllygyna ýaraşyklydyr. Bu zatlar Reb Isa oduň ýalnynda güýçli perişdeleri bilen Gökden gelip görnen mahaly ýüze çykar.
8Rebbimiz Isa Hudaýy tanamaýanlary, Özi baradaky Hoş Habara uýmaýanlary jezalar.
9Bular Onuň huzuryndan, güýjüniň şöhratyndan daş bolup, ebedi heläkçilik jezasyny çekerler.
10Ol günde Reb Öz mukaddeslerinde şöhratlanmak, bütin iman edenleri täsin galdyrmak üçin şol gün gelende, şeýle bolar. Siz hem iman edenlerdensiňiz, çünki siz özüňize beren güwäligimize ynandyňyz.
11Şonuň üçin Hudaýymyz sizi Öz çakylygyna mynasyp saýsyn, ýagşylyga bolan ähli arzuwyňyzy, imandan ugur alan ähli işiňizi gudrat bilen amala aşyrsyn diýip, hemişe siziň üçin doga edýäris.
12Biz muny Hudaýymyzyň we Reb Isa Mesihiň merhemetine görä, Rebbimiz Isanyň ady sizde şöhratlansyn, siz hem Onda şöhratlanyň diýip edýäris.