Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
17 verses
1Rebbimiz Isa Mesihiň gelmegi we Onuň bilen bilelikde bolmak üçin ýygnanyşmagymyz hakda, eý doganlar, sizden haýyş edýäris:
2Rebbiň gününiň gelip ýetenligini aýdýan bir ruh, bir söz ýa bizden baran ýaly edip görkezilen bir hat siziň pikiriňizi haýdan-haý sarsdyrmasyn, gorka salmasyn.
3Özüňizi hiç kime hiç bir ýol bilen aldatmaň. Çünki imandan dönme gelýänçä, bikanun adam, heläkçilik ogly peýda bolýança, ol gün gelmez.
4Bu adam Hudaý diýilýän ýa-da çokunylýan her zada garşy durup, özüni hemmeden ýokary tutar, hatda Hudaýyň ybadathanasynda oturyp, özüni Hudaý diýip yglan eder.
5Men heniz siziň ýanyňyzdakam, bulary size aýdanym ýadyňyza düşmeýärmi?
6Öz wagtynda peýda bolar ýaly, indi bu adamy nämäniň bökdeýänini özüňiz bilýänsiňiz.
7Çünki bikanunlyk syry şu wagt hem hereketde, ýöne ony bökdeýän aradan aýrylýança, öz işini dowam etdirer.
8Şonda şol bikanun adam peýda bolar, ony Reb Isa agzynyň demi bilen öldürer, gelmeginiň haýbaty bilen ýok eder.
9Ol adam şeýtanyň güýji boýunça, her hili ýalan gudrat, alamat we mugjyza bilen,
10heläk bolýanlary aldawa salýan her hili ýamanlyk bilen geler. Olar hakykaty söýmegi, şeýdip hem gutulmagy ret edendikleri üçin heläk bolar.
11Ine, şu sebäpden hem ýalana ynansynlar diýip, Hudaý olara bir aldawçy güýç ýollaýar.
12Ol muny hakykata ynanman, ýamanlygy halaýanlaryň bary höküm edilsin diýip edýär.
13Emma biz, eý, Reb tarapyndan söýülýän doganlar, siz üçin hemişe Hudaýa şükür etmäge borçludyrys. Çünki Hudaý sizi Ruh arkaly mukaddes edilip, hakykata ynanmak bilen gutulmagyňyz üçin başlangyçdan saýlady.
14Ol Rebbimiz Isa Mesihiň şöhratyna gowuşmagyňyz üçin, biziň wagyz edýän Hoş Habarymyz arkaly sizi muňa çagyrdy.
15Eý doganlar, şoňa görä indi berk duruň! Bizden söz bilen ýa hat arkaly öwrenen taglymatyňyza ýapyşyň.
16Rebbimiz Isa Mesihiň Özi we bizi söýüp, merhemeti bilen bize baky teselli, ýagşy umyt beren Atamyz Hudaý,
17siziň ýüregiňize teselli bersin, sizi her oňat işde hem sözde berkitsin.