Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
18 verses
1Mahlasy, doganlar, Rebbiň sözüniň, siziň araňyzda bolşy ýaly, çaltlyk bilen ýaýrap, şöhratlanmagy üçin, biz barada doga ediň.
2Erbet, ýaman adamlardan gutulmagymyz üçin doga ediň. Çünki hemmesi iman getiren däldir.
3Emma Reb ynamdardyr. Ol sizi berkider, iblisden gorar.
4Biziň buýranlarymyzy hem edýänligiňize, hem-de etjekdigiňize Rebde size ynamymyz bar.
5Reb ýüregiňizi Hudaýyň söýgüsine, Mesihiň sabryna gönükdirsin.
6Doganlar, bizden alan taglymatyňyza uýmaýan, boş gezýän her bir dogandan daş durmagyňyzy Reb Isa Mesihiň adyndan size buýurýarys.
7Çünki bizi nähili görelde edinmelidigiňizi özüňiz bilýänsiňiz. Sebäbi biz siziň araňyzda boş gezmedik.
8Hiç kimiň çöregini hem mugt iýmän, siziň hiç biriňize agram salmajak bolup, zähmet çekip gije-gündiz azap bilen işledik.
9Biz muny sizden ýardam almaga hakymyzyň bolmanlygy üçin däl, eýsem, bizden görelde alar ýaly, size nusga bolmak üçin etdik.
10Biz ýanyňyzdakak hem size: «Kim işlemek islemeýän bolsa, onda ol damak-da iýmesin» diýen buýrugy berdik.
11Çünki siziň araňyzda käbir adamlaryň boş gezýänini, hiç bir iş etmän, beýlekileriň işine gatyşýanyny eşidýäris.
12Beýle adamlara gep-gürrüňsiz işläp, öz çöreklerini gazanmagy Reb Isa Mesihiň adyndan buýrup, nesihat berýäris.
13Emma siz doganlar, ýagşylyk etmekde ýadamaň.
14Kim bu hatda aýdanlarymyza gulak asmasa, ony belgä alyň. Onuň bilen gatnaşyk etmän, utandyryň.
15Ony duşman hökmünde görmän, ýöne bir dogan hökmünde oňa öwüt beriň.
16Parahatlygyň gözbaşy bolan Rebbiň Özi size hemişe, her ýagdaýda parahatlyk bersin! Reb baryňyz bilen bolsun!
17Men Pawlus bu salamy size öz elim bilen ýazýandyryn. Meniň her hatymdaky belgim şudur, şeýle ýazýaryn.
18Rebbimiz Isa Mesihiň merhemeti siziň baryňyz bilen bolsun!