Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
20 verses
1Halasgärimiz Hudaýyň, umydymyz Mesih Isanyň buýrugy bilen Mesih Isanyň resuly bolan men Pawlusdan,
2imanda oglum Timoteosa salam! Ata Hudaý, Rebbimiz Mesih Isa saňa merhemet hem rehim etsin, parahatlyk bersin!
3Makedoniýa barýarkam senden haýyş edişim ýaly, sen özge taglymatlary ýaýratmazlygy käbir adamlara tabşyrmak üçin Efesde gal.
4Olar ertekilerden, tükeniksiz nesil şejerelerinden el götersin. Bu zatlar Hudaýyň imana daýanan işine peýda bermekden köp, jedellere sebäp bolýandyr.
5Bu buýrugyň maksady sap ýürekden, dogry ynsapdan, hilesiz imandan ugur alan söýgüdir.
6Käbir adamlar bu zatlardan azaşyp, boş geplere ýykgyn etdiler.
7Olar Mukaddes Kanunyň öwredijileri bolmak isleýär, ýöne ne öz aýdýan zatlaryna, ne-de nygtap tassyklaýan zatlaryna düşünýär.
8Biz Kanunyň ony kanuna laýyklykda ulanýan adam üçin oňatdygyny bilýäris.
9Ýene-de Kanunyň dogry adam üçin däl-de, kanunsyzlar we agyzzyryksyzlar, hudaýsyzlar we günäkärler, mukaddes däller we mukaddesi sylamaýanlar, ata-enesini öldürýänler, ganhorlar,
10zynagärler, beçebazlar, gul satýanlar, ýalançylar, ýalan ýere ant içýänler we sag taglymata garşy başga näme bar bolsa, bular üçin goýlandygyny biz bilýäris.
11Mübärek Hudaýyň maňa ynanylyp berlen şöhratly Hoş Habary boýunça bu şeýledir.
12Maňa kuwwat berýän Rebbimiz Mesih Isa şükür edýärin. Sebäbi Ol meni sadyk saýyp, Öz gullugyna belledi.
13Ozallar Oňa dil ýetiren, azar berip, zorluk eden hem bolsam, Ol maňa rehim etdi. Çünki men edenlerimi nadanlykdan, imansyzlykdan edipdim.
14Ýöne iman, Mesih Isada bolan söýgi bilen birlikde Rebbimiziň merhemeti meniň üstüme bolluk bilen ýagdy.
15«Mesih Isa günäkärleri gutarmak üçin dünýä geldi» diýen söz takyk, her taýdan kabula laýyk sözdür. Ol günäkärleriň iň erbedi mendirin.
16Emma Mesih Isa Özüne iman edip, ebedi ýaşaýşa gowuşjaklara görelde hökmünde, Öz çäksiz sabryny günäkärleriň iň erbedi bolan mende görkezsin diýip, maňa rehim edildi.
17Bütin döwürleriň Patyşasy, ölmez hem görünmez ýalňyz akyldar Hudaýa ebedilik hormat, şöhrat bolsun! Omyn.
18Eý oglum, Timoteos, sen özüň hakdaky ozalky pygamberliklere daýanyp, söweşiň iň oňadyny alyp barar ýaly, men şol pygamberliklere laýyklykda şu buýrugy saňa ynanýaryn.
19Imany, dogry ynsaby sakla. Käbir adamlar dogry ynsaby bir ýana itip, iman babatda batdylar.
20Imeneýus we Isgender bulardandyr. Men küpür etmezligi öwrensinler diýip, olary şeýtana tabşyrdym.