Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
15 verses
1Her zatdan öň şuny ündeýärin: biz takwa hem agras, aram we gep-gürrüňsiz ýaşar ýaly, bütin adamlar,
2patyşalar we häkimiýet eýeleriniň bary üçin dilegler, dogalar, ýalbaryşlar hem şükürler edilsin.
3Çünki bu oňat we Halasgärimiz Hudaýyň halaýan zadydyr.
4Ol bütin adamlaryň gutulmagyny, hakykat bilimine ýetmegini isleýändir.
5Çünki Hudaý birdir. Hudaý bilen adam arasynda durýan ýeke-täk Töwellaçy bardyr.
6Ol hem ynsan bolan, Özüni hemmeler üçin töleg hökmünde hödürlän Mesih Isadyr. Muňa-da öz wagtynda güwä geçilendir.
7Şu maksat bilen jarçy, resul hökmünde Mesihde hakykaty aýdýaryn, ýalan sözlemeýärin ― men ýehudy dällere imany hem hakykaty öwrediji bolup bellendim.
8Erkekleriň gaharlanyp jedelleşmän, her ýerde mukaddes eller galdyryp doga etmegini isleýärin.
9Aýallaryň hem saç örümleri, gyzyllar, hünjüler we gymmatbaha eşikler bilen däl-de, eýsem, ýaraşykly egin-eşikler, haýa we salykatlylyk bilen,
10Hudaý ýolunda gezýändiklerini ykrar edýän aýallara ýaraşýan ýagşy işler bilen özlerini bezemeklerini isleýärin.
11Aýal sessizlik, tutuşlygyna tabynlyk içinde öwrensin.
12Aýalyň sapak bermegine, erkege agalyk etmegine rugsat etmeýärin, ol sessiz-üýnsüz bolsun.
13Çünki öňürti Adam, onsoň Howa ýaradyldy.
14Aldanan hem Adam däldi, aýal aldanyp, ýazykly boldy.
15Ýöne aýal salykatlylyk bilen, imanda, söýgüde we mukaddeslikde bolup, çaga dogurmak bilen gutular.