Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
16 verses
1Ine, bir dogry söz: kim gözegçi bolmaga jan çekýän bolsa, onda ol oňat işi arzuw edýär.
2Şoňa görä-de, gözegçi müýnsüz, diňe bir aýalyň äri, hüşgär, sagdyn düşünjeli, gepi-sözi ýerlikli, myhmansöýer, öwretmäge ukyply,
3şeraba höwesjeň däl, igenjeň däl, ýumşak, uruşdan gaçýan, haram gazanç etmeýän bolmalydyr.
4Öz öýüni oňat dolandyrmaly, doly agraslyk bilen çagalaryna diýenini etdirmelidir.
5Kim öz öýüni dolandyryp bilmeýän bolsa, onda ol Hudaýyň ýygnagynyň aladasyny nähili eder?
6Gözegçi ýaňy iman getireniň biri bolmaly däl, ýogsa, tekepbirlik edip, iblisiň sezewar bolan hökmüne sezewar bolmagy mümkin.
7Aýyplanjak ýagdaýa, iblisiň duzagyna düşmez ýaly, ol ýygnagyň daşyndakylar tarapyndan-da oňat diýip güwä geçilýän adam bolmalydyr.
8Şonuň ýaly, ýygnagyň hyzmatçylary hem hormatly, ikidilli däl, köp şeraba höwessiz, haram gazanç etmeýän,
9sap wyždan bilen imanyň syryny saklaýan adamlar bolmalydyr.
10Bular hem öňürti synalsyn, onsoň, müýnsüz bolsalar hyzmat etsinler.
11Şonuň ýaly-da, aýallary hem hormatly, myjabatçy däl, hüşgär, her zatda wepaly bolmalydyr.
12Hyzmatçylar diňe bir aýalyň äri, çagalaryny, öz öýlerini oňat dolandyrýan adamlar bolsun.
13Çünki hyzmatlaryny oňat berjaý edýänler özlerine oňat dereje, Mesih Isa iman etmekde uly gaýrat gazanýandyr.
14Men az wagtdan seniň ýanyňa barmagy umyt edýärin.
15Ýöne bulary saňa men gijä galsam, Hudaýyň maşgalasy, ýagny hakykatyň diregi hem daýanjy bolan diri Hudaýyň ýygnagy arasynda özüňi nähili alyp barmagy bilmegiň üçin ýazýaryn.
16Hudaýyň ýolunyň syry uludyr, muny hiç kim inkär edip bilmez. Hudaý bedende aýan boldy, Ruhda tassyklandy, perişdeler tarapyndan görüldi, milletlere wagyz edildi, dünýäde Oňa iman getirildi, şöhrat içinde ýokary alyndy.