Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
16 verses
1Ruh nygtap aýdýar: soňky wagtlarda käbir adamlar imandan däner.
2Ynsaplaryna dag basylan ýalançylaryň ikiýüzlüligi zerarly aldawçy ruhlara, jynlaryň taglymatlaryna gulak asar.
3Bu ýalançylar öýlenmegi gadagan eder, iman edip, hakykaty bilýänleriň şükür bilen iýmeleri üçin, Hudaýyň ýaradan tagamlaryndan gaça durmagy buýrar.
4Hudaýyň ýaradan bar zady gowudyr, şükür bilen kabul edilse, hiç bir zat ret edilmeli däldir.
5Çünki bar zat Hudaýyň sözi we doga arkaly mukaddes edilýändir.
6Sen bulary doganlaryň ýadyna salsaň, imanyň, eýeren oňat taglymatyň sözleri bilen ýetişdirilip, Mesih Isanyň oňat hyzmatkäri bolarsyň.
7Ýaramaz hekaýalary, kempirleriň ertekilerini ret edip, özüňi Hudaýyň ýolunda werdiş et.
8Beden maşkynyň peýdasy azdyr, ýöne häzirki we geljekki ýaşaýşyň wadasyna eýe bolan takwalyk her ugurdan peýdalydyr.
9Bu söz dogry sözdür, her jähetden makullanmaga laýykdyr.
10Biz munuň üçin zähmet çekýäris, sögünç eşidýäris. Çünki umydymyzy ähli adamlaryň, ylaýta-da, iman edenleriň Halasgäri diri Hudaýa bagladyk.
11Bu zatlary buýur, öwret.
12Hiç kim seni ýaşdygyň üçin äsgermezlik etmesin. Gep-gürrüňde, ýaşaýyşda, söýgüde, Ruhda imanda we tämiz ahlakda iman getirenlere görelde bol.
13Men barýançam, Mukaddes Ýazgylary ýygnaga okamak, öwüt-ündew etmek, öwretmek bilen meşgul bol.
14Pygamberlik sözi arkaly we ýaşulular guramasynyň seniň üstüňe el goýmagy bilen özüňe berlen ruhy sylagy gözden salma.
15Bu işlerde yhlasly bol. Ilerleýşiňi hemmeleriň görmegi üçin, bular bilen meşgullan.
16Özüňe hem taglymata dykgat et, bu işleri dowam etdir. Sebäbi muny etmek bilen, sen hem özüňi, hem özüňe gulak asýanlary halas edersiň.