Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
17 verses
1Dawudyň ogly Süleýman öz patyşalygyny berkitdi. Hudaýy Reb onuň bilen bolup, ony juda beýgeltdi.
2Süleýman tutuş Ysraýyly–müňbaşylary, ýüzbaşylary, häkimleri, Ysraýylyň ähli baştutanlaryny we urugbaşylary çagyrdy.
3Onsoň Süleýman ýanyndaky bütin jemagat bilen Gibgondaky sežde edilýän ýere gitdiler. Rebbiň guly Musanyň çölde guran Hudaýa ýüz tutulýan çadyry şol ýerdedi.
4Dawut Hudaýyň sandygyny Kiriýatýegarymdan Iýerusalime onuň üçin taýýarlan çadyryna getiripdi.
5Huruň agtygy, Urynyň ogly Besaleliň bürünçden ýasan gurbanlyk sypasy bolsa Gibgonda Rebbiň mukaddes çadyrynyň öňündedi. Şoňa görä Süleýman bilen jemagat ol ýere Rebden maslahat soramaga gitdiler.
6Süleýman ol ýerde Rebbiň huzurynda mukaddes çadyrdaky bürünçden bolan gurbanlyk sypasyna gelip, onda müň sany ýakma gurbanlygyny hödürledi.
7Şol gije Hudaý Süleýmana görnüp, oňa: «Dile, dilän zadyňy bereýin» diýdi.
8Süleýman Hudaýa şeýle jogap berdi: «Sen meniň kakam Dawuda beýik, sadyk söýgiňi görkezip, meni onuň ýerine patyşa etdiň.
9Ýa Beýik Hudaý, goý, indi kakam Dawuda beren wadaň amala aşsyn, çünki Sen meni ýeriň tozy ýaly san-sajaksyz bolan bir halkyň üstünden patyşa etdiň.
10Indi şu halky dolandyrmagym üçin maňa danalyk hem bilim ber. Kim Seniň bu beýik halkyňy dolandyryp biler?»
11Hudaý Süleýmana şeýle diýdi: «Kalbyňda şu islegiň bardygy üçin, özüňe mal-mülk, baýlyk, at-abraý ýa öz duşmanlaryňyň ölümini ýa-da özüň üçin uzak ömür dilemän, eýsem üstünden patyşalyga bellän halkymy dolandyrmaga özüňe pähim-paýhas we düşünje diländigiň üçin, Men saňa paýhas we düşünje berýärin.
12Şeýle hem Men saňa senden öň hiç kimde bolmadyk we senden soň hem hiç kimde bolmajak baýlyk, mal-mülk we at-abraý bererin».
13Şeýdip, Süleýman Gibgondaky sežde edilýän ýerden, Rebbiň mukaddes çadyryndan Iýerusalime gelip, Ysraýyla patyşalyk etdi.
14Süleýman söweş arabalary bilen arabaly goşun toplady. Onuň bir müň dört ýüz söweş arabasy, on iki müň söweş arabaly esgeri bardy. Süleýman olary söweş arabalary saklanýan şäherlerde we patyşanyň ýanynda – Iýerusalimde ýerleşdirdi.
15Patyşa Iýerusalimde kümüş bilen altyny daş ýaly köpeltdi, kedr agaçlaryny-da günbatar baýyrlykda bitýän ýabany injir agajy ýaly köpeltdi.
16Süleýmanyň atlary Müsürden we Keweden getirildi; patyşanyň täjirleri olary Keweden belli bir baha satyn aldylar.
17Süleýmanyň atlary Müsürden getirildi. Bir söweş arabasy, on ýedi gadak töweregi kümşe, bir at bolsa dört gadakdan gowrak kümşe satyn alyndy. Şeýdip, bu söweş arabalary we atlar, Süleýmanyň täjirleriniň üsti bilen hetleriň we Aramyň ähli patyşalaryna satylýardy.