Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
18 verses
1Süleýman Rebbe ybadat öýüni we özüne köşk gurmak kararyna geldi.
2Ol dagda ýetmiş müň sany hammaly, segsen müň sany daş ýonujyny we olaryň üstünden gözegçilik eder ýaly üç müň alty ýüz sany adamy toplady.
3Süleýman Sur patyşasy Hurama çapar iberip şeýle diýdi: «Özüne ýaşar ýaly köşk gurunsyn diýip, kakam Dawuda iberen kedr agaçlaryňdan maňa-da ibermegiňi towakga edýärin.
4Ine, men Hudaýym Rebbe öý gurup, ol öýi Oňa bagyş etmekçi bolýaryn. Ol öýde Rebbiň huzurynda ýakymly ysly tütetgi ýakylar, adaty hödür çöregi hödürlener, Sabat günlerinde, Täze Aý baýramlarynda we beýleki baýramlarda ertirlik we agşamlyk ýakma gurbanlyklary hödürlener. Bular Ysraýyl üçin ebedi parzdyr.
5Biziň Hudaýymyzyň beýleki ähli hudaýlardan beýik bolşy ýaly, meniň gurjak öýüm hem beýik bolar.
6Emma Oňa öý gurmaga kimiň güýji ýeter? Gögüň, hatda gökleriň gögüniňem Ony sygdyryp bilmeýän halatynda Oňa öý gurar ýaly men kimmişim? Men bu öýi Onuň huzurynda ýakymly ysly tütetgi ýakmak üçin gurýaryn.
7Ýahudada we Iýerusalimde öz ýanymdaky kakam Dawudyň taýýarlan ökde ussalary bilen işlär ýaly maňa altyn, kümüş, bürünç, demir işlerine, goýy badam, gyrmyzy we gök ýüplük boýaglaryna, şeýle hem oýma işlerine ussat hünärment ibermegiňi towakga edýärin.
8Maňa ýene Liwandan kedr, serwi we sandal agaçlaryny iber. Men seniň işçileriňiň Liwanda agaç kesmäge ussatdyklaryny bilýärin. Maňa bol agaç taýýarlamak üçin meniň işçilerim seniň işçileriň bilen bile işlärler.
9Meniň gurjak öýüm juda uly we gözel bolar.
10Ine, men seniň agaç kesen işçileriňe elli müň çuwal üwelen bugdaý, elli müň çuwal arpa, ýedi ýüz hum şerap we ýedi ýüz hum zeýtun ýagyny bererin».
11Onsoň Sur patyşasy Huram Süleýmana hat üsti bilen jogap gaýtardy: «Reb Öz halkyny söýensoň, seni olaryň üstünden patyşa goýdy».
12Huram sözüni şeýle dowam etdi: «Gögi we ýeri ýaradan Ysraýyl Hudaýy Rebbe alkyş bolsun! Reb Dawut patyşa pähim-paýhasdan we düşünjeden doly akylly ogul berdi. Şol ogul Rebbe öý we özüne köşk gurar.
13Men saňa bir ussat we düşünjeli hünärment Huramabi ýollaýaryn.
14Onuň ejesi danlardan bolup, kakasy hem surludy. Huramabi altyn, kümüş, bürünç, demir, daş, agaç işlerine, badam, gök we gyrmyzy ýüplük we keteni boýaglaryna, oýma işlerine we özüne berlen islendik nusga bilen işlemäge ussatdyr. Ol seniň hünärmentleriň we jenabym – kakaň Dawudyň hünärmentleri bilen işlär.
15Indi, goý, jenabym wada beren bugdaýyny, arpasyny, zeýtun ýagyny we şerabyny öz gullaryna ibersin.
16Biz saňa Liwandan näçe agaç gerek bolsa kesip, ony sallara ýükläp, Ýafo deňziniň üsti bilen akdyryp getireris; sen-de ony Iýerusalime äkidersiň».
17Onsoň Süleýman kakasy Dawudyň hasaba alşy ýaly, Ysraýylda ýaşaýan gelmişekleriň baryny hasaba aldy. Gelmişekleriň sany bir ýüz elli üç müň alty ýüz boldy.
18Süleýman olardan ýetmiş müň adamy ýük daşamaga, segsen müň adamy dagda daş ýonmaga, üç müň alty ýüz adamy-da işgärlere gözegçilige belledi.