Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
20 verses
1Ýehoşapat ata-babalaryna gowuşdy. Ol Dawut galasynda, atalarynyň ýanynda jaýlandy. Ogly Ýoram onuň ýerine patyşa boldy.
2Ýoramyň inileri şulardy: Azarýa, Ýehiýel, Zakarýa, Azarýa, Mikaýyl we Şepatýa. Bular Ýehoşapatyň ogullarydy.
3Olaryň kakasy ogullaryna Ýahudadaky galalar bilen birlikde kümüşden, altyndan we gymmatbaha zatlardan ybarat bolan köp sowgatlar beripdi. Emma Ýehoşapat patyşalygy Ýorama beripdi. Ýoram onuň nowbahar ogludy.
4Ýoram kakasynyň tagtyna çykyp, patyşalygyny berkidensoň, ol ähli inilerini hem-de Ysraýylyň käbir baştutanlaryny gylyçdan geçirdi.
5Ýoram patyşa bolanda otuz iki ýaşyndady. Ol Iýerusalime sekiz ýyl patyşalyk etdi.
6Ahabyň nesilleriniň edişi ýaly, Ýoram-da Ysraýyl patyşalarynyň ýollaryndan ýöredi, çünki Ahabyň gyzy onuň aýalydy. Ýoram Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etdi.
7Emma Reb Dawuda onuň nesillerinden biriniň ömürlik tagtda oturjakdygyny wada berendigi we Öz guly Dawut bilen äht edendigi üçin Ýahudany derbi-dagyn etmek islemedi.
8Ýoramyň döwründe edomlar gozgalaň turzup, Ýahudanyň gol astyndan çykdylar we özlerine bir patyşa goýdular.
9Onsoň Ýoram söweş arabalarynyň serkerdeleri bilen gitdi. Edomlar Ýoram bilen onuň serkerdeleriniň daşyny gabadylar, ýöne Ýoram ýanyndakylar bilen gije edomlaryň içinden geçip, gaçdylar.
10Şeýdip, Edom şu güne çenli hem Ýahuda garşy gozgalaň turzup, oňa garaşsyz bolup gelýär. Edil şol wagtda Libna galasy hem Ýahudanyň garşysyna uruş turuzdy, çünki Ýoram ata-babalarynyň Hudaýy Rebbi ret edipdi.
11Mundan başga-da, Ýoram Ýahuda daglygyndaky butlara sežde edilýän ýerleri gurdy. Ol Iýerusalimiň ilatyna Hudaýa biwepalyk etdirip, Ýahudany azdyrdy.
12Ýorama Ylýasdan ine, şu hat geldi: «Ataň Dawudyň Hudaýy Reb şeýle diýýär:
13„Sen kakaň Ýehoşapatyň we Ýahudanyň patyşasy Asanyň ýollaryna eýermän, eýsem Ysraýylyň patyşalarynyň ýollaryna eýerip, Ysraýylyň patyşasy Ahabyň Ysraýyla edişi ýaly, Ýahudanyň we Iýerusalimiň ilatyna Hudaýa biwepalyk etdirdiň. Sen şeýle hem öz maşgala agzalaryň bolan inileriňi öldürdiň. Olar senden gowudylar.
14Ine, Reb seniň halkyň, çagalaryň, aýallaryň, ähli mal-mülkiň başyndan agyr külpet inderer.
15Sen bolsa agyr içege keseline ýolugarsyň. Tä içegeleriň daşyna akyp çykýança, keseliň günsaýyn ýaramazlaşar“».
16Reb piliştlileriň we efiopiýalylaryň golaýyndaky araplaryň Ýorama garşy gazabyny oýardy.
17Olar Ýahudanyň üstüne çozup girip, patyşanyň köşgüne degişli bolan ähli mal-mülkleri, patyşanyň ogullarydyr aýallaryny alyp gitdiler. Patyşanyň körpe ogly Ýehogahazdan başga ogly galmady.
18Bu wakalardan soň, Reb Ýoramy bejerip bolmaýan içege keseline ýolukdyrdy.
19Iki ýyllap onuň keseli günsaýyn ýaramazlaşyp, ikinji ýylyň ahyrynda içegeleri daşyna çykyp, ol agyr jebir-sütemden ýaňa dünýäden ötdi. Onuň halky ata-babalaryna edişleri ýaly onuň hatyrasyna ot ýakmadylar.
20Ýoram patyşa bolanda otuz iki ýaşyndady. Ol sekiz ýyl Iýerusalime patyşalyk etdi. Onuň ölümine gynanç bildiren bolmady. Olar Ýoramy Dawut galasynda jaýladylar; ýöne ony patyşalaryň mazarynda goýmadylar.