Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
12 verses
1Iýerusalimiň ilaty Ýoramyň körpe ogly Ahazýany kakasynyň ýerine patyşa etdi. Ýoramyň beýleki ogullarynyň ählisini araplar bilen düşelgä gelen leşger öldüripdi. Şeýdip, Ýoramyň ogly Ahazýa Ýahuda patyşa boldy.
2Ahazýa patyşa bolanda kyrk iki ýaşyndady. Ol Iýerusalime bir ýyl patyşalyk etdi. Onuň ejesi Atalýa Ysraýylyň patyşasy Omrynyň agtygydy.
3Ahazýa hem Ahabyň maşgalasynyň pis ýolundan ýöredi. Ahazýanyň ejesi pis iş etmekde geňeşçisidi.
4Ahazýa hem Ahabyň maşgalasy ýaly, Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etdi. Kakasy ölenden soň, Ahabyň nesilleri Ahazýanyň geňeşçisi bolup, ony heläkçilige uçratdylar.
5Ahazýa olaryň maslahatyna eýerip, Ysraýylyň patyşasy Ahabyň ogly Ýoram bilen Aramyň patyşasy Hazaýyla garşy uruşmak üçin Ramotgilgada gitdi. Aramlylar şol ýerde Ýoramy ýaraladylar.
6Ýoram Ramotgilgatda Hazaýyla garşy urşup ýörkä, aramlylaryň özüne salan ýaralaryny bejertmek üçin Ýizregele gaýdyp geldi. Ýahuda patyşasy Ýoramyň ogly Ahazýa ýaralanan Ahabyň ogly Ýoramy görmek üçin Ýizregele gitdi.
7Emma Ahazýanyň Ýoramyň ýanyna gelip heläk bolmagy Hudaý tarapyndandy. Ahazýa bu ýere gelip, Ýoram bilen bile Nimşiniň ogly Ýehuwyň ýanyna gitdi. Reb Ahabyň nesillerini ýok etmek üçin Ýehuwy saýlapdy.
8Ýehu Ahabyň nesillerine höküm edýärkä, Ýahudanyň baştutanlaryna we Ahazýa hyzmat eden Ahazýanyň doganlarynyň ogullaryna duşup, olary öldürdi.
9Ýehuwyň adamlary Ahazýany agtardylar. Ahazýa Samarýada gizlenip ýörkä tutulyp, Ýehuwyň ýanyna getirildi we öldürildi. Ony jaýlap, şeýle diýdiler: «Ahazýa Rebbi bütin kalby bilen agtaran Ýehoşapatyň agtygydyr». Ahazýanyň nesillerinden patyşalygy dolandyryp biljek adam galmandy.
10Ýahuda patyşasy Ahazýanyň ejesi Atalýa öz oglunyň öldürilendigi barada eşiden dessine, Ýahudadaky ähli patyşa nesillerini ýok etdi.
11Emma patyşanyň gyzy Ýehoşebat patyşanyň öldürilmeli şazadalarynyň içinden Ahazýa patyşanyň ogly Ýowaşy ogurlap, ony enekesi bilen bile ýatylýan otagda goýdy. Şeýdip, Ýoram patyşanyň gyzy, ruhany Ýehoýadanyň aýaly, Ahazýa patyşanyň uýasy Ýehoşebat Ýowaşy Atalýadan gizledi we Ýowaş diri galdy.
12Ýowaş alty ýyllap Ýehoşebat bilen Hudaýyň öýünde gizlenip gezdi. Şol döwürde Atalýa ýurt