Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
23 verses
1Bütin ýahuda halky on alty ýaşly Uzyýany alyp, ony kakasy Amazýanyň deregine patyşa etdi.
2Patyşa Amazýa ata-babalaryna gowuşandan soň, Uzyýa Eloty täzeden gurup, ony Ýahuda gaýtaryp berdi.
3Uzyýa patyşa bolanda on alty ýaşyndady. Ol Iýerusalimde elli iki ýyl patyşalyk etdi. Onuň ejesi Ýekolýa Iýerusalimlidi.
4Uzyýa öz kakasy Amazýa ýaly, Rebbiň nazarynda dogry işleri etdi.
5Özüne Hudaýdan gorkmaklygy öwreden Zakarýanyň bütin ömrüne Uzyýa Hudaýy agtardy. Rebbi agtaran döwürlerinde Hudaý Uzyýanyň işine rowaçlyk berdi.
6Uzyýa gidip, piliştlilere garşy urşup, Gatyň, Ýabnäniň we Aşdotyň diwarlaryny ýykdy. Ol Aşdotyň töwereginde we Piliştiň beýleki çäklerinde galalar gurdy.
7Piliştlilere, Gurbagalda ýaşan araplara we megunlara garşy alyp barýan uruşlarynda Hudaý Uzyýa ýardam etdi.
8Ammonlar Uzyýa salgyt tölediler. Uzyýa has güýçlenip, şan-şöhraty Müsüriň çäklerine çenli ýaýrady.
9Şeýle hem, Uzyýa Iýerusalimdäki Künç, Dere we Burç derwezelerinde diňler gurup, olary berkitdi.
10Uzyýa çölde-de diňler gurup, köp howdan guýulary gazdyrdy. Onuň günbatar baýyrlykda we düzlükde uly mal sürüsi bardy, daglarda we mes toprakly ýerlerde daýhanlary we üzüm bagbanlary bardy. Uzyýa daýhançylyk etmegi söýýärdi.
11Uzyýanyň söweşe ukyply esgerleri bardy. Olar patyşanyň serkerdelerinden bolan Hananýanyň gol astyndaky kätip Ýegiýel we serkerde Magaseýanyň tarapyndan geçirilen tükellemäniň sanyna görä topar-topar bolup söweşe çykdylar.
12Batyr ýigitleriň urugbaşylarynyň umumy sany iki müň alty ýüzdi.
13Olaryň gol astynda üç ýüz ýedi müň bäş ýüz esgerden ybarat goşun bardy. Olar uly güýç bilen duşmana garşy söweş edip, patyşa ýardam ederdiler.
14Uzyýa tutuş goşuny galkanlar, naýzalar, tuwulgalar, sowutlar, ýaýlar we sapan daşlary bilen üpjün etdi.
15Uzyýa diňleriň we diwar burçlarynyň üstünden oklar we uly daşlar atmaga ukyply adamlar tarapyndan oýlanyp tapylan desgalaryny Iýerusalimde goýdy. Onuň şan-şöhraty uzaklara ýaýrady. Oňa uly ýardam edilip, ol juda güýçlendi.
16Uzyýa kuwwatlananda, gopbamsylyk edip, heläkçilige uçrady. Ol Hudaýy Rebbe haýynlyk etdi, ol ýakymly ysly tütetgi sypasynda tütetgi ýakmak üçin Rebbiň ybadathanasyna girdi.
17Ruhany Azarýa Rebbiň segsen batyr ruhanysy bilen Uzyýanyň yzyndan girdi.
18Olar Uzyýa patyşa garşy çykyp, oňa şeýle diýdiler: «Eý, Uzyýa, Rebbe ýakymly ysly tütetgi ýakmak seniň işiň däl, ol Harunyň neslinden bolan, mukaddes edilen ruhanylaryň işidir. Sen mukaddes öýden çyk, çünki sen hyýanat etdiň. Bu iş saňa Beýik Hudaýdan hormat getirmez».
19Uzyýa gazaplandy; ol ýakymly ysly tütetgi ýakylýan sypanyň ýanynda, Rebbiň öýündäki ruhanylaryň öňünde tütetgi ýakmak üçin durdy. Ol ruhanylara gazaplananda, onuň maňlaýynda heýwere keseli peýda boldy.
20Baş ruhany Azarýa bilen beýleki ruhanylaryň hemmesi Uzyýa seredenlerinde, onuň maňlaýyndaky heýwere keselini gördüler. Olar ony ol ýerden tiz çykardylar. Uzyýanyň özi hem, ol ýerden dessine çykmak bilen boldy, çünki Reb ony şeýle heläkläpdi.
21Uzyýa patyşa tä ölýänçä, heýwere keselinden ejir çekip, aýratyn ýerde ýaşady, ol Rebbiň öýünden çetleşdirilipdi. Patyşanyň ogly Ýotam ýurtdaky halka baştutanlyk edip, köşgi dolandyrdy.
22Uzyýanyň başdan-aýak eden işleriniň bary barada Amozyň ogly Işaýa pygamber ýazdy.
23Uzyýa ata-babalaryna gowuşdy. Ony atalarynyň ýanynda patyşalara degişli bolan mazarlykda jaýladylar, çünki ol «heýwere keselli» diýdiler. Ogly Ýotam onuň ýerine patyşa boldy.